Dünýä ýüzünde BMG-niň degişli edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň karary bilen Bütindünýä radio güni her ýylyň 13-nji fewralynda bellenilip geçilýär.
2013-nji ýylyň ýanwar aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy bu günüň yglan edilmegini resmi taýdan tassyklady we 67-nji mejlisde her ýylyň 13-nji fewralyny Bütindünýä radio güni diýip yglan etdi. Çäräniň senesi tötänleýin saýlanmady. 1946-njy ýylyň 13-nji fewralynda ilkinji gezek BMG-niň radioýaýlymy Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi edarasynda efire çykdy.
Baýramy esaslandyryjylaryň pikiriçe, radio diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem, radio bilen gyzyklanýanlaryň hemmesiniň arasyndaky aragatnaşygy berkitmäge hyzmat etmelidir. Munuň özi halkara habar beriş serişdelerini we ýerli radio ýaýlymlarynyň maglumat elýeterliligini giňeltmekde we radio tolkunlarynda habarlary bermekde möhümdir. Häzirki sanly ulgamyň ösýän döwründe radio dünýäniň esasy aragatnaşyk serişdeleriniň biri bolmagyny dowam etdirýär. Ol örän uly mümkinçiligi we arzan bahasy bilen hemmeler tarapyndan ykrar edilen aragatnaşyk serişdesidir. Radio uzakdaky jemgyýetlere we ilatyň iň uzak toparlaryna baryp ýetýär: sowatsyzlara we maýyplara, dürli ýagdaýdaky maşgalalara, bilim derejesine garamazdan, jemgyýetçilik işine gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, gysga tolkunly ýaýlym köplenç elektrik, internet, akylly enjamlar ýok wagty maglumat bermegiň iň täsirli usulydyr. Şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlarda radio betbagtçylyklarda kömek bermekde möhüm rol oýnaýar. Köp adamlar, aýratyn hem, uly ýaşdakylar henizem beýleki habar beriş serişdelerinden has köp radio ulanýarlar. Şonuň üçin hem, ÝUNESKO ähli ýurtlary her ýyl belli bir şygar bilen geçirilýän Bütindünýä radio gününe işjeň gatnaşmaga çagyrýar. Bütindünýä radio gününden başga-da, bu görnüşli aragatnaşygyň muşdaklary Bütindünýä höwesjeň radio gününi hem belleýärler. Ol 18-nji aprele gabat gelmek bilen, 1925-nji ýylda Halkara höwesjeň radio bileleşigi (IARU) tarapyndan Parižde döredildi.
Käbir ýurtlarda, mysal üçin, Russiýada her ýylyň 7-nji maýynda radio güni hem bellenilýär. Bu rus halky üçin Bütindünýä radio gününe garanyňda has-da möhüm senedir.
Çünki 1895-nji ýylyň 7-nji maýynda meşhur rus fizigi Aleksandr Popow ilkinji radio aragatnaşyk sessiýasyny geçiripdi.
Show more