Çagalarymyzyň diňe suratlarda görjek haýwanlary

MilliInfo

1 sagat öň

Haýwanlaryň dürlüligi kem-kemden azalýar. Käbir görnüşler eýýäm ýok bolmagyň gyrasynda. Çagalarymyz olary kitaplardaky suratlarda däl-de, hakykatdan hem, gören soňky nesil bolup biler.

Ýok bolmak howpy astyndaky görnüşler: GAPLAŇ, KERK, PANDA, BARS

Amur gaplaňy Russiýada, Hytaýda we Demirgazyk Koreýada ýaşaýar. Bu ýyrtyjylardan, takmynan, 750 sanysy galdy. Tokaýlaryň ýok edilmegi olaryň ykbalyna düýpli zyýan ýetirdi.

Sumatra kerkleriniň sany 20-nji asyryň başynda, takmynan, 300-e ýetdi: häzirki wagtda olaryň sany 80-den köp däl. Esasy mesele, olaryň ýesirlikde diýen ýaly köpelmeýändigidir.

Ägirt panda häzirki wagtda diňe Hytaýda ýaşaýar. Bambuk tokaýlarynyň ýok edilmegi onuň ýaýramagynyň esasy sebäbidir. Üstünlikli köpeltme maksatnamalaryna garamazdan, tebigatda bu jandaryň, takmynan, 1800 sanysy galdy. Hytaýda her bir panda sanalýar we olar berk gözegçilikde saklanýar.

Gar barsyny halas etmek üçin tagallalar geçen asyrdan bäri dowam edýär. Bu ýyrtyjyny awlamak 12 ýurtda gadagan edilen, ýöne onuň sany henizem 3000-den az bolmagynda galýar.

KOALA: IŇ DRAMATIK ÝAGDAÝ

Koala bilen bagly mesele iň dramatik ýagdaýdadyr. Bu görnüş, takmynan, ýok bolan hasaplanýar. Köpelmäge ukyply sagdyn jandarlar örän az galdy. Soňky ýyllarda bolan tokaý ýangynlary olara ägirt uly zyýan ýetirdi. Alymlar koalanyň 2050-nji ýyla çenli ýok bolup biljekdigini çaklaýarlar.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info