Çapady

MilliInfo

11 Maý, 2026

Çapady türkmen saçagynyň bezegidir, gaýtalanmajak lezzetidir. Şonuň üçin hem, biz bu ýazgymyzda ajaýyp tagamyň taýýarlanylyşy hakynda söhbet ederis.

Çapadyny taýýarlamak üçin ýyly suwda hamyrmaýany ezip, onuň üstüne elenen uny, duzy goşup, hamyr garmaly. Hamyr 1,0–1,5 sagat demini alansoň, ony böleklere bölmeli we 0,8 – 1,0 sm galyňlykda, 15–20 sm diametrde ýaýmaly. Çapadynyň iki tarapyny hem gyzarýança gazanda ýagda bişirmeli we gyzgynlygyna saçaga äbermeli. Gaýmak we mesge ýagy saçaga aýratyn berilýär. Islege görä şeker sepmek bolar.

Taýýarlamak üçin 2 kg una 20 g hamyrmaýa, 1,5 nahar çemçesi duz, iki bulgur ösümlik ýagy gerek bolýar.

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info