Ajaýyp süýjilik çaý başynyň lezzetine özboluşly öwüşgin çaýar.
Geliň, çaý başyndaky minutlarymyza özboluşly öwüşgin çaýjak kökeleri bilelikde taýýarlalyň. Aşhanada köp wagt sarp etmeli bolmajakdygyňyza söz berýäris.
Şeýlelikde, hamyry standart düzüm boýunça ýuguryň! Munuň üçin uny, ýagy, şekeri we duzy garyşdyryň , suw goşuň. Hamyryň berk almagyny gazanyň.
Soňra hamyry inçe tegelek görnüşde ýaýyň. Üstüne öz saýlan maňyzlaryňyzy sepiň. Ony oklaw bilen ýeňil ýaýyň. Üstüne ýumurtga garyndysyny sürtüň.
Indi hamyry islendik görnüşdäki böleklere bölüň. Peçde 200 gradus gyzgynlykda 10 minut bişiriň.
Çaýyň ýanyndaky tagamly süýjilik taýýar !
