Daşlar – syrly dünýäniň bir ülşi

MilliInfo

3 sagat öň

Daşlar syrly dünýäniň bir ülşi hasaplanýar. Tebigatda ynsan durmuşyna dahylsyz zat ýok diyen ýaly. Ynsan ogly akylly-başly çemeleşip, tebigatyň önümlerini durmuş hajatyna girizýär. Dünýä ýüzünde iň owadan hem-de saglyga peýdaly daşlaryň ençemesi bolup, olar, esasan hem, durnalarda hem-de ýylanlarda duş gelýär.

Durnanyň daşy suwuň düýbünde töweregine ýalkym berip durýar. Ol daşa «durnadaş» diýilýär. Gyzyl-ala öwsüp duran, owadan durnadaşy birnäçe minut  eliň aýasynda saklasaň, onuň barmaklaryň bogunlarynyň agyrysyny aýyrýandygy aýdylýar.

Ýylandaşy hem daşlaryň iň gözel görnüşleriniň biri hasap edilip, olar gumda gabat gelýär. Ýylandaşy, esasan hem, ene ýylanlar agzynda saklap gezýärler. Köpelmek möhleti gelende, ene ýylan dem almasynyň ýeňil bolmagy üçin, islese-islemese ol daşy agzyndan gaçyrmaly bolýar. Şeýdip, ol daş gaçan ýerinde galýar.

Tebigatyň goýnunda janly-jandarlara dahylly bolmadyk birnäçe täsin daşlar-da bar. Şeýle daşlaryň biri-de merwer daşydyr. Ol daş deňizýaka oýlarynda, dagly ýerlerde gabat gelýär. Merwer daşy gadym döwürlerde türkmenlerde ruhy hemaýat beriji hökmünde saklanypdyr.

Tebigy jähetden we mäkämliginden, dermanlyk häsiýetinden, päkizeligi hem-de gymmatynyň zyýadalygy taýdan göwherleriň we beýleki daşlaryň arasynda ýakut daşy ýaly ajaýyby ýokdur. Ol tebigy görnüşinden owadan keşbe gelýän daşdyr. Zergärler ýakut daşyny ýonup, owadan keşbe getirýärler. Ýakut daşynyň saglyga peýdasy örän uludyr. Alym Muhammet Gaýmaz türkmen bu daşyň bir bölegini götermegiň we dakynmagyň ynsan kalbyna uly peýdasynyň bardygyny, gany arassalamak ukybyna eýedigini nygtapdyr.

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info