Dünýäni welosipedli aýlanmak, megerem, ýeňil bolmadyk syýahat bolsa gerek. Muňa garamazdan, häzirki wagtda welosipedli syýahat edýänler az däl. Emma biziň bu ýazgymyzda gürrüň taryhda şeýle syýahaty amala aşyryp, hemmäni haýran galdyran ynsanlar barada bolar.
Geň tarapy bu ynsan öz döwründe harby uçarman bolupdyr. Onuň 1911-nji ýylda başlanan welosipedli syýahaty 1913-nji ýylda tamamlanýar. Şeýlelik bilen, Onisim Pankratow öz adyny taryha ýazýar.
Welosipedli motokross boýunça ilkinji rekord 2011-nji ýylyň 28-nji maýynda 24 ýaşly Jed Mildon tarapyndan goýulýar. Ol tigir arkaly päsgelçiliklerden üstünlikli geçip, welosipedi bilen ýokarda üç öwrüm salto edip, ýagny arkan aşyp, ýere düşýär.
Dünýäniň köp sanly ýokary okuw mekdeplerinde welosiped ulagyndan peýdalanýarlar. Munuň özi welosiped sürüp nobatdaky sapagyna barýan mugallymyň ýa-da talybyň arassa howada şähdaçyk we ruhubelent dynç almagyna ýardam berýär. Onuň saglygy berkitmekdäki ähmiýeti hem diýseň ýokarydyr.

Show more