Diňe zenanlar barada..

MilliInfo

6 sagat öň

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bütin uniwersitet derejeleriniň 60 göterimden hem gowragyna zenanlar eýelik edýär.

*

Lhakpa Şepra atly zenan Ewerest dagyna 7 gezek çykyp, rekord goýmagy başarypdyr.

*

Dünýäde ilkinji zenan lukman Merit Rtah köne Müsürde biziň eýýamymyzdan öňki 2700-nji ýyllarda ýaşapdyr.

*

Ilkinji professional beýzbol oýunçysy zenandyr, onuň ady Wirne Mitçeldir.

*

Ýaponiýada 1000-nji ýyllarda Murasaki Şikibu atly zenan dünýäniň ilkinji romanyny — «Genjiniň hekaýasyny» döredipdir.

*

Anterior singulat korteks, ýagny beýniniň karar berme mehanizmini barlag edýän bölek zenanlarda erkek kişileriňkiden has uludyr.

*

Zenanlar erkeklere garanyňda, has köp gürleýärler. Geçirilen barlaglara görä, zenanlaryň her gün, ortaça, 13000 sözi artyk aýdýandygy tassyklanyldy.

*

Hytaýly Zeng Zinlian taryhda hasaba alnan iň uzyn boýly zenandyr. Onuň boýunyň uzynlygy 2,48 metr bolupdyr.

*

Dünýä boýunça geçirilen seljermeler zenan maşgalalaryň erkek kişilerden ortaça 5-6 ýyl uzak ýaşaýandygyny ýüze çykardy.

*

Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, bir zenan ýylyň dowamynda ortaça 120 sagadyny ýüz görülýän aýnanyň öňünde geçirýärmiş.

*

Zenanlaryň beýnisiniň ýady 76 million gigabaýta barabardyr.

*

Erkek kişileriň kalby bazar ýalydyr — giren, çykan bilinmez. Zenanlaryň kalby gulp urlan gapy ýalydyr — giren yzyna çykmaz. 

*

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info