Diş pastalarynyň düýbündäki reňkler näme many aňladýar?

MilliInfo

30 Oktýabr, 2025

Häzirki wagtda internet giňişliginde diş pastalarynyň düýbündäki reňkler bilen bagly dürli pikirler öňe sürülýär. Käbir adamlar bu reňkleriň pastanyň düzümi hakda maglumat berýändigini aýdýarlar. Mysal üçin, ýaşyl reňkiň «tebigy maddalardan», gara reňkiň bolsa «dolulygyna himiki maddalardan» ybaratdygyny belleýärler. Ýöne bu düşünje nädogrydyr.

 Diş pastasynyň düýbündäki reňkler näme üçin ulanylýar?

Diş pastalarynyň düýbünde ýerleşýän reňkler önümçilik prosesine degişli tehniki belliklerdir. Olar optiki skanerleriň ulanylmagy üçin nyşan bolup, önümçiligiň awtomatiki kesiş, gaplama ýa-da bukja ýelimlemek ýaly amallary üçin ulanylýar.

 Bu reňkler diş pastasynyň düzümi ýa-da hili bilen asla bagly däldir.

Myş-myşlar we hakykat:

 Internetde giň ýaýran myş-myşlara görä:

Ýaşyl – dolulygyna tebigy maddalardan düzülen.

Gök – tebigy we himiki maddalaryň garyndysy.

Gyzyl – himiki we tebigy maddalaryň belli bir gatnaşygy.

Gara – dolulygyna himiki maddalardan durýandyr.

Aslynda, bu maglumatlar ýalňyşdyr. Reňkleriň diş pastasynyň düzümi bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Pastanyň düzümi barada anyk maglumat almak üçin diňe onuň gaplamasyndaky «Düzümi» (Ingredients) bölümine seretmek ýeterlik.

 

 

 

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info