Kompaniýanyň Hytaýda geçirilen sarp edijiler üçin önümler bölüminiň maslahatynda yglan edişine görä, premýera 2027-nji ýylyň 24-nji noýabrynda geçiriler.
Filmiň döredijileri täze wakalary we garaşylmadyk üýtgeşiklikleri wada berýärler. Gysgaça maglumata görä, sýužet iň garaşylýan wakalaryň birine — şagyzy Anna bilen Kristoffyň toýuna bagyşlanýar. Baýramçylykdan soň, täze öýlenenler Elza bilen bilelikde başdangeçirmelerden we kynçylyklardan doly başga bir jadyly syýahata gadam basarlar.
Mundan başga-da, filmde täze syrly keşp peýda bolar. Bu keşp baradaky jikme-jiklikler heniz açylmady. «Collider» studiýasynyň şagyzyny çärýek asyryň dowamynda ilkinji gezek ene hökmünde görkezmeginiň mümkindigi çaklanylýar. «Disney» soňky gezek şuňa meňzeş syužet ulgamyny 2000-nji ýyllarda Ariel bilen Erikiň gyzy Hoşowazy tanyşdyran «The Little Mermaid II: Return to the Sea» filminde ulandy.
«Encanto» filmindäki işleri bilen tanalýan Jared Buş «Doň ýürek 3» filminiň režissýory wezipesine bellendi. Ilkinji iki bölümiň režissýory bolan Jennifer Li bolsa bu taslama gatnaşmaýar. Ilkinji film 2013-nji ýylda, onuň dowamy bolsa 2019-njy ýylda çykaryldy.

Show more