Dograma türkmen milli tagamy bolup, oňa beýleki döwletleriň hiç biriniň saçagynda duşmarsyňyz. Bu tagam gaty gadymy bolup, halkymyzyň gurban berme däpleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ony ýörite günlerde, baýramçylyk günlerinde, däp-dessurlar amala aşyrylanda taýýarlanylýar. Dograma üçin täze goýun eti, sogan we çörek gerek.
Petir çöregiň hamyryny ýugurmak üçin hamyr maýa ulanylmaýar. Ol adaty günlerde bişirilýän çöreklerimizden daşky görnüşi bilen hem tapawutlanýar. Petir çöreklerimiz bişip sowaýança uly gazanda goýun etini atarmaly. Çorbasyna diňe duz we birnäçe ter pomidor (ýa-da tomat) goşulýar. Goýun eti tä et süňkünden aňsat sypyrylýança gowja gaýnadylyp bişirilmeli. Bişen eti çorbasyndan çykaryp almaly, ony çorbasynyň akmagy we sowamagy üçin goýýarlar. Dogramanyň taýýarlaýyş işleriniň indiki bölegi döredijilik kollektiwi bolup, tutuş maşgalanyň we çagyrylan garyndaşlaryň, goňşularyň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.
Petir çöregi elde owunjak edip dogramaly. Sogany hem ownuk dograýarlar we ýaňky dogralan çörek bilen garýarlar. Bu garyndyny şu ýagdaýda mata saçaga dolaýarlar we demine goýýarlar. Gaýnap bişen goýun etini el bilen inçe böleklere bölýärler, soňra ony ýaňky soganly çörege garýarlar. Täze bişip, dogralan petir çörek soganyň hem, etiň hem tagamyny özüne tiz siňdirýär, şonuň üçin hem, gury dograma garyndysy juda tagamly bolýar. Taýýar bolan gury dograma iýilmezinden öň aýry gaba salynýar we onuň üstüne çorbasy guýulýar. Tagamyň üstüne gara burç sepip iýmek bolsa myhmanlara gaýtalanmajak lezzet bagyşlaýar.
Işdäňiz açyk bolsun!