Dünýäde ynsan ýaşaýşynyň gönezligi bolan ene barada aýdylmadyk söz, ýaňlanmadyk owaz, ýazylmadyk kyssa ýok bolsa gerek. Sebäbi dünýäde eneden beýik keramat ýok. Ene — her bir perzendiň köňül köşgüniň soltany.
...Käte ýalňyz wagtym oturýan-da, çagalyk döwrüm bilen söhbet edýän. Çagalyk, göýä, tomsuň jöwzaly yssysynda öwsen salkyn şemal ýaly bolup, ötüp gidipdir. Ýöne bir begenýän zadym ol biderek ötegçi däl. Ol özünden birgiden sapak goýup gidipdir. Sapaklar meniň ömürboýy hemrama öwrülip, kalbyma iň çylşyrymly ýagdaýlarda-da giňlik we rahatlyk berýär.
Ene! Mähriban ene! Sen şeýle bir täsin we ýakymly! Meniň sallançagymy irginsiz üwräniň, mylaýym ses bilen hüwdüläniň kino ýaly göz öňümden geçýär. Öser ukusyndan mazaly paýymy alyp, oýananymdan soňra, seniň gaýma gaýap oturýan ýeriňe hemişeki endigime görä sessiz seredendirin. Meniň oýananymy görüp, mähirli, owadan ýylgyryşyň bilen: «Turduňmy, körpäm? Wah, saňa döneýin, akja balam!» diýip, çök düşüp, söýgüden doly kükregiňi üstüme gerensiň. Soňra böwrümi birenaýy gyjyklanyň ýadymda. Menem mähriňe maýyl bolup, dürli oýunly hereketleriňe jykyr-jykyr gülüp, heziller edendirin. Elleriňi maňa tarap uzadanyňdan joşgunly, çaga gülkim tutandyr. Käteler agras kakam ýogyn sesi bilen, aladaly: «Kän güldürme beýdip...» diýerdi. Belki, munuň hut şeýle däl bolmagam ahmal. Ýöne hakydama gelşine görä hut şeýle bolan ýaly bolup dur. Çünki perzentlerine gülmegi eneleri öwredýär ahyryn. Menem senden gülmegi öwrenendirin, mähriban enem! Men şol gülkiniň astynda ýaşaran gözlerim bilen, gör, näçe gezek ýagty asmana seredendirin! Şondan bäri aý-günler, ýyllar yzly-yzyna geçip gitdi.
Ene! Mähriban ene! Sen mydama çagalyk hakydamdasyň, kalbymyň soltanysyň...
Halk arasynda «Enäniň basan basgançagynda balasy awunmaz», «Enäniň öpen maňlaýyna dert gelmez», «Enäniň öpen maňlaýy balasyna bagt islär durarmyş» diýen aýtgylar ýörgünlidir. Maňlaýy öpülen perzentler bagtlydyr. Älemde taýsyz gözellik bar bolsa, ol ene kalbynda jemlenendir. Her bir ene gözellik döredijidir. Perzentleri onuň iň gowy eseridir. Enäniň öz balasynyň mährinden, perzendiň hem ene mährinden doýmaýşy ýaly, bu dünýäniň söýgä beslenen günlerinden doýma ýokdur.
Eneler kalbymyzyň soltanydyr!
