Sekizaýaklar asyrlaryň dowamynda dünýä ummanlarynda ýaşap, özbaşdak iýmitlenipdirler we diri galypdyrlar. Şeýle-de bolsa, Ispaniýanyň köpmilletli «Nueva Pescanova» kompaniýasy Ispaniýanyň kanar adalarynda dünýäde ilkinji osminog fermasyny döretmek üçin jedelli meýilnamany işläp düzýär. Taýýarlanan resminamalarda «Nueva Pescanova» kompaniýasynyň Ýewropa we dünýä bazarlaryna sekizaýak önümlerini hödürlejek intensiw fermada millionlarça osminoglary nädip tutup, ösdürip ýetişdirjekdigi jikme-jik beýan edilýär.
Bu iş meýilnamasy korporasiýa üçin uly ykdysady peýda getirip bilse-de, köp sanly alymlar we tebigaty goraýjylar şeýle tejribäniň duýgudaş jandarlara rehimsizlik edilip, saglygyň ýaramazlaşmagyna, iýmit ýetmezçiligine, mundan başga-da, beýleki pajygaly wakalara sebäp bolup biljek meselelerden howatyrlanýarlar. Köp sekizaýaklar ýeke ýaşaýarlar we çylşyrymly sosial ulgamlary döredýärler, alymlar bolsa olary tebigy däl ýaşaýyş ýerlerinde saklamagyň olaryň fiziki we ruhy saglygyna çynlakaý täsir edip biljekdigi bilen baglylykda howsala düşýärler. Mundan başga-da, bu jandarlaryň senagat maksatlary üçin heläklenmegi barada alada edýärler.

