«Dünýädеn gitmesin hiç kim bеrgidar»

MilliInfo

17 Noýabr, 2025

Türkmen tebigatyna güýz paslynyň gelmegi ynsan kalbyna özboluşly duýgularyň bagyşlaýar. Aslynda güýz rysgal-berekediň, kämilligiň nyşany hasaplanýar.

Güýz paslynyň gelmegi bilen ýapragyny düşürýän agaçlar gyşa taýynlyk bolan dynçlyk döwrüne girýärler. Ýapraklar saralyp, giçki güýzde düşýärler. Ýapraklarda bolup geçýän fotosintez hadysasynda janly ýaşaýyşyň möhüm şerti bolan kislorody bölüp çykaryp, organiki däl maddalardan organiki maddalary emele getirýärler. Şunuň netijesinde ösümliklerde ätiýaçlyk maddalar toplanýar. Toplanan ätiýaçlyk maddalar – ýaglar, beloklar, uglewodlar ösümlik gurşawnyyň amatsyz  şertine durnuklylygyny üpjün edýärler, käbir wegetatiw organlarynda toplananda ösüşe başlangyç berýärler (porruklar, klubenler, soganlyklar). Şeýlelikde, köp ekinler adamzat üçin iýmitlik ähmiýete eýe bolýar, meselem, bugdaýyň dänesi — belogyň çeşmesi, kartofeliň klubeni — krahmalyň binýady, günebakaryň, künjüniň tohumy — ýagyň çeşmesi we ş.m. Ösümliklerde emele gelýän ikilenji metabolitler bolsa biologik işjeň maddalary — efir ýaglaryny, alkaloidleri, glikozidler we ş.m. bolýar, bular dermanlyk ähmiýete eýedir.

Düşen ýapraklar topragyň gurplulygyny artdyrmakdaky möhüm ähmiýeti bilen tapawutlanýar.

Köpýyllyk otjumaklaryň ýerüsti bölegi guraýar, ýerasty bölegi saklanyp galýar. Birýyllyk otjumaklar tutuşlygyna guraýar we ýylyň amatsyz möwsümini tohum görnüşinde geçirýär.

Güýz paslynyň gelmegi bilen köp ösümlikleri wegetatiw köpeltmegiň möhleti gelip ýetýär. Olary köpçülikleýin köpeltmek üçin baldaklary kökletmäge goýulýar. Şeýle hem güýz paslynda agaçlary ekmegiň güýzki möhleti başlanýar. Bu möwsüm ýurdumyzy bagy-bossana öwürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Däp bolup gelşi ýaly bag ekmek işine tutuş türkmen halky agzybirlikde gatnaşýar. Şahyr G.Seýitliýew aýtmyşlaýyn:

 

Dünýädеn gitmesin hiç kim bеrgidar,
Iň bolman bir agaç eksin ýadygär.
Kimdе-kim bir agaç eksе ýadygär,
Dünýäň kitabynda onuň ady bar.

 

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info