Dünýäniň iň ajaýyp 5 köprüsi

MilliInfo

5 Fewral, 2026

Ynsanlaryň köpri gurmagy öwrenen döwründen bäri tehnologiýa has kämilleşdi. Şonuň üçin hem, bu gün köp sanly döwrebap geçelgeler binagärlik we inženerçilik sungatynyň gaýtalanmajak bölegi hasaplanýar. Dünýäniň taryhyna we medeni mirasyna bagyşlanan «ChronoScio Zen» kanaly iň üýtgeşik gurluşlaryň sanawyny hödürledi.

Nýu-Ýork şäherindäki Bruklin köprüsi 1883-nji ýylda açylyp, ol şol döwürler dünýäde iň uzyn asma köpri bolupdy. Onuň esasy aýratynlygy şol wagtky moda bolan neo-gotik stilindäki iki goşa burçly arkadyr. Olar Bruklin köprüsini tanamakda ýeňillik döredýär, beýikligi 83 metrden, uzynlygy bolsa 1,8 kilometrden gowrak.

«Musa köprüsi» Niderlandlarda ýerleşýär. Oňa Gyzyl deňzi bölmek gudratyny görkezen pygamberiň ady dakyldy. Köpriniň uzynlygy 50 metr, onuň 20 metri bolsa suwda ýerleşýär. Suw joşmasynyň öňüni almak maksady bilen, onuň gyralarynda gorag bentleri we elektrik nasoslary guruldy. Pyýadalar sözüň doly manysynda biline çenli ýetýän suwdaky köpride ýöremeli bolýarlar.

Kanadadaky Kapilano asma köprüsi 1889-njy ýylda şotlandiýaly inžener tarapyndan taslanyp guruldy. Ol agaç kesiji işçiler üçin gerekdi. Köprüniň beýikligi 70 metr, uzynlygy bolsa 137 metr. Täzeden gurlanyndan soň bolsa köprüniň 96 piliň agramyny göterip biljekdigi hasaplanyldy.

Italiýadaky Ponte Wekkio köprüsi ini 32 metre ýetýär. 1345-nji ýylda gurlan köpri şu güne çenli asyl görnüşinde saklanyp galypdyr. Syýahatçylary özüne çekýändigi üçin ony sowgat satyjylar we zergärçilik dükanlary eýeleýärler. Köprüniň üstünde ýaşaýyş jaýlarynyň hem bolmagy ýatdan çykmajak täsirleri döredýär.

2025-nji ýylda Hytaýda Huajiang Uly Kanýon köprüsi açyldy. Ýerli metbugat ony dünýädäki iň beýik köpri diýip atlandyrýar. Köpri ýurduň günorta-günbataryndaky daglyk Guizhou welaýatynda ýerleşýär we derýadan 625 metr beýiklikden geçýär. Bu barada «South China Morning Post» gazeti habar berýär.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info