Çarlz Dikkensiň «Iki şäheriň hekaýasy» atly romany dünýä edebiýatynyň iň meşhur eserleriniň biridir.
Roman ilkinji gezek 1859-njy ýylda çap edilip başlanypdyr we wakalar Fransuz rewolýusiýasy döwründe bolup geçýär. «Guinness World Recordsyň» maglumatyna görä, bu romanyň 200 milliondan gowrak nusgasynyň satylandygy çaklanylýar. Bu eser ilki kitap görnüşinde däl-de, bölek-bölek görnüşde žurnalda çap edilipdir. Häzirki wagtda hem «Iki şäheriň hekaýasy» dünýä edebiýatynyň meşhur eserleriniň biri hasaplanýar.

Show more