Gaharlanmakdan gaça duruň. Gahar ähli zady erbetlige tarap ugrukdyrýan endikdir.
Sport ähli ýagdaýlarda hem durmuşyň aýrylmaz bölegidir, ol duýgy we akyl saglygy üçin hem peýdalydyr.
Durmuşda ýakyn adamlaryň ähli zatdan öňde durmalydyr. Olar ähli güýmenjelerden möhüm bolmaly.
Durmuşdaky gorkularyň köpüsi ähmiýet berenimize hem degmeýär. Aslynda ol göz öňüne getirişimiz ýaly gorkunç hem däl.
Ýalňyşmakdan gorkmaň. Ýalňyşlyklar üstünlikli öňe gitmäge ýardam edýär. Diňe hiç zat etmeýän adam ýalňyşmaýar.
Dostluk ünsi, aladany, goragy talap edýär. Dostluga wepaly bolup, ony goramak gerekdir.
Islendik zada bolan höwes her bir güni üýtgeşik sowgada öwrüp biler. Wagty boş geçirmän, ýönekeýje güýmenje tapmak üçin hem maksadyň bolmaly.
Syýahat etmek – täze, gyzykly medeniýetler bilen tanyşmaga, täze adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga ýol açýar we gözýetimi giňeldýär.
Aladalar beýnini ýadadýar, ýagdaýa çynlakaý baha bermegiň öňüni alýar.
Her gün üçin minnetdar bolmaly. Çünki şu günüň özi size berlen bahasyz sowgatdyr.
Birek-birege hormat goýmak adamzady bezeýän aýratynlykdyr, uly güýçdir. Ol dünýäni gözelleşdirýär.
Töwekgelçilik, aslynda her bir zada asylly sebäpdir. Diňe töwekgelçilikli hereket etmek we oňa degişli kararlary bermek durmuşda ösmäge ýol açýar, durmuşy üýtgedýär.
Biz, köplenç, töweregimizdäki adamlaryň öz isleýşimiz ýaly hereket etmeklerini isleýäris. Emma biz olary dolandyryp bilmeris. Her bir adamyň özbaşdaklygyna hormat goýmalydyr.
Durmuşda maksada ýetmek üçin hereket etmeli. Maksat bizi tapmaýar, tersine, biz ony gözlemeli. Oňa ýetmek üçin bolsa elimizden gelenini etmelidiris.
Show more