Düýe çaly

MilliInfo

12 Iyul, 2026

Düýe çaly

Türk­men hal­ky­ dü­ýe ma­lyny bag­tyň, rys­gal-döw­le­tiň ny­şa­ny hasaplaýar. Düýe süýdi özboluşly ysy we tagamy bilen beýleki önümlerden düýpgöter tapawutlanýar. Düýe süýdünden yaramly içgi çal we ak agaran taýýarlanylýar. 

Dü­ýe süý­di zy­ýan­ly be­den­jik­le­ri öl­dü­ri­ji hä­si­ýe­te eýe bolup, dü­zü­min­de süýt şe­ke­ri, be­lok, ka­ze­in, al­bu­min we glo­bu­lin ýa­ly wi­ta­min­ler sak­lan­ýar. Dü­ýe süý­dü­niň ýag­ly­ly­gy, dü­zü­min­de be­lok we mi­ne­ral mad­da­la­ry­nyň köp­lü­gi on­dan bir­nä­çe gör­nüş­li önüm­le­ri taý­ýar­lamaga mümkinçilik döredýär. Dü­ýe süý­dün­den çal, süz­me, gurt ýa­ly önüm­ler alyn­ýar. Dü­ýe süý­di hem-de onuň önüm­le­ri­ adamyň gündelik ýaşaýşynda giňden peýdalanylýar. Jana melhem içgi hökmünde häzirki wagtda bu önüme uly isleg bildirilýär. Ol birek-birege hödür edilýän şypaly içgi hasaplanylýar. Se­bä­bi dü­ýe süý­di aş­ga­zan-içe­ge, ýü­rek-da­mar, dem alyş, iý­mit siň­di­riş ul­gam­la­ry­nyň nä­saz­lyk­la­ry­nyň we bir­nä­çe ýo­kanç ke­sel­le­ri­ň öňüni almaga ýardam edýär, şeýle hem ol saça, dyrnaklara we dişlere peýdalydyr.

Dü­ýe ça­ly taý­ýar­la­n­da bir­nä­çe fer­ment­le­riň tä­si­ri esa­syn­da ka­ze­in düý­bü­ne çö­küp, al­bu­min we glo­bu­lin suw gör­nü­şin­de süý­düň ýü­zü­ne çyk­ýar. Çal taýýarlamak üçin täze sagylyp alnan düýe süýdi zerurdyr. Süýt uly syrçaly pitilere ýa-da küýzelere guýulýar. Onuň üstüne turşulygy 100-150 dereje bolan gönezlik goşulyp, 2-3 minutlap garylýar. Diňe şondan soňra onuň üstüne 1,5-2 esse köp bolan möçberde suw guýlup, agzy mäkäm ýapylýar we basyrylyp goýulýar. Çal taýýar bolanda, agarany onuň ýüzüne çykýar. Ine, diňe şondan soňra seresaplylyk bilen, gaby hiç bir tarapa gozgaman, çalyň ýüzündäki agarany alynýar, çal bolsa şol gabyň içinde galdyrylýar. Şeýlelikde, halkymyzyň gadymy we iň bir şypaly önümi bolan düýe çaly taýýar bolýar. Jana şypaly düýe çaly we agarany halkymyzyň milli gymmatlygy, saçagynyň bezegidir. Ol diňe bir teşneligiňi gandyrman, eýsem, ynsan bedeninde suwuň, witaminleriň gerek bolan mukdarda saklanmagyny üpjün edýär.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info