Düýe dünýäniň täsin «çöl gämisidir». Bu täsin jandarlar alyslara uzaýan çölleriň bezegidir. Şeýle hem, düýeler keramatyň nusgasy hasaplanýar. Bu täsin jandarlary goramak üçin dünýäniň giň sähralyklaryny, çölleri goýnunda saklaýan döwletler netijeli işleri amala aşyrýarlar. Şeýle döwletleriň biri-de, Birleşen Arap Emirlikleridir. Emirligiň iň gözel şäherleriniň biri bolan Dubaý şäherinde düýeler üçin ýörite hassahananyň bardygyny eşidipmidiňiz? Bu hassahana bir wagtyň özünde 20-den gowrak «çöl gämisine» hyzmat edip bilýär.
Hassahanada ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen operasiýa otaglary, keselleri anyklaýyş we bejeriş otaglary bar. Şonuň ýaly-da, keseli anyklamaga mümkinçilik berýän şöhle otagy hem bar. Ýeri gelende bellesek, hassahanada Beýik Britaniýadan, Hindistandan, Ispaniýadan we Meksikadan gelen öz käriniň ussatlary bolan lukmanlar işleýär.
Şeýle hem, hassahananyň çäklerinde düýeler üçin ylgaw ýodasy hem göz öňünde tutulypdyr. Bu hassahana häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, ýokary derejeli hyzmatlary öz içine alýan weterinar gullugydyr. Bu ýerde diňe bir bejergi işleri däl, eýsem, ylmy-barlag işleri hem alnyp barylýar.
Show more