Dueýn Jonson Disneýiň rowaýatyna öwrüldi

MilliInfo

18 Awgust, 2026

Dueýn Jonson Disneýiň rowaýatyna öwrüldi

Golliwudyň aktýory Dweýn Jonson «Disney Legend" hormatly derejesine eýe boldy. «Variety" žurnalynyň habaryna görä, 54 ýaşly aktýora «Disney Legends" baýragyny «Jungle Cruise" filmindäki hyzmatdaşy Emili Blant gowşurdy.

Dabaranyň dowamynda Skala öýde ýaýlyma göni efirde tomaşa edýän kiçi ýaşly gyzlaryna — 10 ýaşly Žasmine we 8 ýaşyndaky Tiana ýüzlendi. Aktýoryň sözlerine görä, gyzlar «Disney Legend" statusynyň näme aňladýandygyny bilmek isleýärler.

«Olar menden: «Disney Legend" bolmak näme aňladýar?" diýip soradylar. Men: «Bu biziň mugt kino biletlerini alýandygymyzy aňladýar" diýdim" diýip, Jonson degişdi.

Tanymal aktýor bu dabarada Sýuzan Igan, En Heteueý, Jonas doganlar we Lin-Manuel Miranda ýaly ussatlar bilen birlikde baýraklara eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info