(Metbugat sahypalaryndan täsirli oýlanma)
Il içinde: «Dünýäde ejeňden soň seni iň gowy görýän zenana aýal dogan» diýýärler. Hakykatdan-da, dogan onda-da aýal dogan ynsan üçin iň mähriban adam. Meniň üçinem şeýle.
Ýagyş ýagandan soň, älemgoşar çykýar. Eger ýagyş ýagmasa, älemgoşary gökde görjek gümanyň ýok. Ine, meniň üçin uýalarym şol ýagýan ýagyş. Olaryň barlygy – meniň barlygym.
Biz ýedi dogan. Kakam bize «älemgoşar» diýerdi. Ine, şol «älemgoşar» belli senelerde bolşy ýaly, her ýyl halkara zenanlar gününde-de öýümizde dogýar. Onsoň çaý başynda ýatlamalar ýumagy çözlenip ugraýar.
Bir gezek uýalarymyň biri: «Jigim» sözi, megerem, «Jigerim sözündendir» diýdi. Men bu sözüň nähili çuňňur many aňladýandygyna soň-soňlar göz ýetirdim. Belki, meniň söz sungatyny söýmegimde-de öz mährini şeýle inçe hem täsirli düşündirip bilýän uýalarymyň barlygy sebäp bolandyr.
Gözüňi açyp, ilkinjileriň hatarynda görüp ugraýan uýalaryň – hemişe seniň aladaňy edýän perişdejikleriň. Olaryň seni biri-birinden gabanyp goraýyşlary hakyndaky ýatlamalaryny öz dillerinden diňlemek has-da başgaça.
Heniz akja arlyga dolanyp sallançakda ýatyrkam, uýalarym onuň badyny hiç ýatyrmaz ekenler. Olar meni üwrejek bolup, sallançagyň bagynyň üstünde dawalaşypdyrlar. Dawanyň sebäpkäridigimden habarsyz, göwnüm bir ýaly ýatanmyşym. Garaz, ejem gelip köşeşdiräýmese, köplenç, dördünji uýam bilen bäşinji uýam goýar ýerde goýmaz ekenler. Onsoň ejem birine-hä sallançak bagyny, beýlekesine-de sallançygyň o ýanyna ýaglyk daňyp berer eken. Şeýle eý görlendigim hakyndaky gürrüňler hoş ýakansoň, häzirem uýalarym öýe üýşdükleri olaryň süýji ýatlamalaryny gulaga öwrülip diňleýärin. Sarsman oturyşyňa gabanjaň, synçy uýalaryň biri ýaňy bir göterlip başlanan döwürleriň öýe gelenleriň seni elden-ele geçirip, heziller edinendiklerini ýaňzydar. Delräk biri gelip, gujagyna alaýsa dagy şol gidýänçä ýüzüne «jigimi alyp gidäýmesin» diýen bakyş bilen seredip oturarmyşlar.
Bir gezegem öýde ejem ýokka maňa sanjym etmek üçin lukman gelipdir. 7-8 ýaşlaryndaky uýalarymyň biri maňa sanjym etdirmejek bolup, baý, özlenipdir-ä. Şol uýam häzirem jigilerine gezek gelende şeýle hamrak.
Çagakam uýalarym bilen kän oýun oýnardyk. Ýöne, näme üçindir, olaryň baryny utýan oýunlarymda töweregiň oglanjyklaryndan utulýardym. Aýal doganlarymyň meni begendirmek isläp, utulan kişi bolandyklaryna soň düşünip galdym. Olaryň seniň bagtlylygyňa özüňdenem beter guwanyp bilýän ynsanlar eken.
Şahyr: «Gyz uýaly oglan – iň bagtly oglan» diýýärler-ä. Ykbal maňa şeýle bir uly serpaý ýapdy. Bu peşgeş ejeme meňzeş ýüzleriň mähri-muhabbeti, dünýämiň örki.

Show more