Durmuşda biz ekizlere ýygy-ýygydan duş gelýäris. Belki, bu siziň maşgalaňyzda hem bolup biler. Käbir ekizler bir-birine meňzeş bolýar, käbiri bolsa onçakly meňzemeýär. Has takygy,bir monozigotdan bolan we dürli ýumurtgalardan geterozigotdan doglan ekizler bolýar. Birinji monozigot ekizler biri-birine meňzeş, ikinjisi bolsa düýbünden meňzemeýär.
Mälim bolşy ýaly, olar iki, üç sany bolup bilýär. Dünýä ýüzünde şu güne çenli doglan ekizleriň iň uly sanlysy dokuz çagadan ybaratdyr.
Geterozigot ekizler biri-birinden düýbünden tapawutlanýar we hatda başga jynsda hem bolup bilerler. Käbirleri has çalt, beýlekileri bolsa haýal ösüp biler. Netijede, köplenç bir doganyň ýa-da aýal doganyň beýlekisinden uludygyny pikir edýärler.
Ekizler barada käbir gyzykly maglumatlar
Käbir ekizler edil aýnadaky şekiller ýalydyr. Ýagny, biri beýlekisiniň takyk aýnadan çepden saga göçürmesini görkezýär. Mysal üçin, biriniň çep ýaňagynda ýerleşýän zat beýlekisiniň sagynda bolýar.
Ekizleriň öz dili bar diýilýär. Alymlar bu hadysany kriptofaziýa diýip atlandyrýarlar. Şeýle çagalar sözler, yşaratlar, ýüz keşplerini ulanyp, hemme zada gowy düşünip, biri-biri bilen erkin aragatnaşyk saklaýarlar. Beýlekiler üçin bularyň hemmesi manysyz ýaly bolup görünýär.
Mysal üçin, Braziliýada ekizler köp dogulýarlar, ýöne Ýaponiýada olar gaty seýrek bolýar. ABŞ-da garaýagyz ekizler akýagyzlara garanyňda ep-esli köp bolýar.
Ekizleriň köplenç meňzeş terjimehallary, halaýan tagamlary we endikleri bolýar. Belli bir sebäplere görä, ekizler aýry düşäýseler ýa-da hersi dünýäniň başga künjünde bolsalar hem olaryň endigi, özüni alyp baryşlary birmeňzeşligini saklaýar.
Show more