Enäniň söýgüsini hiç zat bilen deňeşdirip bolmaýar, ony ýönekeý sözler bilen düşündirip-de bolanok. Hiç kim enäniň balasyny söýşi ýaly söýüp bilmez. Ene ýer togalagynda iň gowy, mylaýym, yssy we söýülýän ynsandyr. Ene hakynda pikir ýüwürdeniňde ussat şahyr Mämmet Seýidowyň şu goşgy setirleri seriňe dolýar:
«Ene» diýen beýik, mukaddes sözden,
Depesin gar basan dagy dek gyşyň,
Paýhasly atalar, agras atalar,
Ak saç atalaram güýç alarmyşyn.
Ýeri, onsoň enäň mertebesini
Aýdyň, şahyr näme bilen deňesin?!
Emgegiň elinde ýüz ýaşly goja
Çaga ýaly ýatlarmyşyn enesin.
Ene ynsabydyr iň beýik ynsap,
Kyrk bölege bölen ynsap bir gyly.
Ömür boýy waspyn etdim bir enäň,
Galan ömrüm, ýene şoňa bergili.
Duýgular bozulanda bejerip bilýän ýeke-täk hem iň güýçli duýgy enäniň söýgüsidir. Çagasynyň gözüne seredip, balasynyň ähli ýagdaýlaryny sözlemezden düşünip biler. Çünki enäniň çagasyna gaty güýçli duýgusy bar. Çagasy syrkawlanda ýa-da kynçylyk çekende, elmydama ýüregi bilen duýar. Eneleriň doga-dilegi perzendiň durmuş ýolundaky böwetleri aýyrjak ýaragdyr. Eneleriň barlygy dünýä lälezarlygy, zemin barlygydyr.
Her bir çaga ejesiniň gujagynda ähli aladalaryny ýatdan çykarýar we özüni rahat duýýar. Ene söýgüsi näçe taryp edilse-de kemter geler. Eneleri zerre ýaly hem ynjytmak, diňe bir eneňe däl, şol bir sanda özüňe hem ullakan ýamanlyk etdigiňdir.
Her bir adam ogly etmezden minnet,
Enäň göwnün tapsa uly bir sünnet,
«Aýak astyndadyr, olaryň jennet»-
Diýip, aýdypdyrlar geçen köneler.
Şu goşgy setirlerinden hem görnüşi ýaly, jennet eneleriň aýagynyň astynda diýilýär. Bu jümle ata-babalarymyz tarapyndan ýöne ýere aýdylan däldir. Enelerimizi sarpalamak, hormatlamak, alkyşyny almak her bir perzent üçin, her bir ynsan üçin mukaddes borçdur.
«Ene» sözüni «käbe» sözi bilen manydaş ulanýarlar. Käbe – musulman ymmatynyň mukaddes seždegähi. Enelere käbe diýilmeginiň aňyrsynda hem, elbetde, şol düşünje ýatan bolsa gerek. Eneleriň razyçylygyny, alkyşyny alan adam jennetiň açaryny alan adamdyr.
Goý, dünýä dursun, dünýäniň bar gowgasyny, aladasyny, gaýgysyny, külpetini kümüş reňk saçyna siňdirýän mähriban käbelermiz dursun!
Show more