Beýik banýan ýa-da bengal fikusy örän täsin agaç. Ol tutlar maşgalasyna degişli. Bu agajyň watany Hindistan, Şri-Lanka, Bangladeş hasaplanýar. Ýapraklary uly, miwesi iýmiş, ownuk, açyk gyzyl reňkli bolýar.
Bengal fikusynyň miwesi diňe bir adamyň däl, eýsem, ýarganatlaryň, guşlaryň we maýmynlaryň süýji höregi hasaplanýar. Bu agajyň boýy 20-30 metr töweregi bolýar. Ol bütin ýaşaýşynyň dowamynda ösmegini dowam etdirýär. Suratdan görnüşi ýaly, bir agaç köp sütünli we agaçlaşan görnüşi bilen tapawutlanyp, 200 – 250 ýyl ýaşan howa kökleri bolýar. Ýewropalylar bengal fikusyna «banýan» hem diýýärler. Ilkinji gezek bu agaja Hindistanda iňlis we portugal syýahatçylary duş geldi. Käbir ylmy maglumatlarda gujarat dilinde söwdagärlere «baniýa» diýilýär. Şonuň üçin hem, bu agaç ilki «banias agajy», wagtyň geçmegi bilen bolsa «banýan agajy» diýip atlandyrlyp başlandy. Söwdagärler ony bahasyna ýetip bolmajak gymmatly agaç hasaplaýarlar.
Köplenç fikus epifitler ýaly başga agaçlaryň üstünde ýaşaýarlar. Ýöne, olar agaja hiç hili zeper ýetirmeýärler. Bu agajyň ösýän çäginiň topragy ýumşaklygy we organiki maddalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Onuň howa kökleri agaçlary gurşap alyp, ony guramakdan we zeper ýetmeden gorap saklaýar. Fikusyň tohumy guşlar arkaly ýaýraýar. Eger, fikusyň tohumy haýsy-da bolsa bir agajyň üstüne düşse (meselem, şahalanýan sütünlerine) ýa-da daşlaryň arasyna gaçsa, haýal etmän ösüp başlaýar we howa kökleri emele gelýär. Kem-kemden bengal fikusy öz hojaýynyny kökleri bilen gurşap bolýar. Esasy sütünden howa kökleri ösýär. Soň ýer bilen galtaşýar we kök urýar, ýognaýar we täze sütüni emele getirýär. Bu proses ýaşaýşynyň dowamynda mydama dowam edýär. Şonuň üçin hem, bengal fikusy çalt ösýär, ýaýraýar we köp ýerleri eýeleýär. Ýeke-täk agaçdan kiçiräk tokaý emele gelýär. Ol ýerde dürli haýwanlar, guşlar we mör – möjekler duş gelýär. Banýana ýeke bir bengal fikusy däl, eýsem, iri we ownuk miweli, altyn öwüşgünli fikuslar hem degişli. Hindistanda bu agaç ýeke bir ajaýyplygy bilen özüne çekmän, gutarnyksyz ýaşaýşyň simwoly hasaplanýar.

Show more