Garpyz — tomsuň ýaraşygy

MilliInfo

12 Iyul, 2026

Garpyz — tomsuň ýaraşygy

Öz möwsüminde we wagtly-wagtynda iýilýän miwelerdir gök önümler ynsan saglygyny goramakda örän wajypdyr. Tomsuna ýetişýän bakja ekinleri bedenimizi bu pasylda zerur bolan witaminler bilen üpjün edýär.

Düzüminiň 90 göteriminden gowragynyň suwdan ybaratdygy üçin garpyz bu möwsümde teşneligi gandyryjylygy, ýeňil siňijiligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Garpyz — B, C, E, P witaminleriniň, pektin maddalarynyň, foliý turşusynyň we A prowitamininiň çeşmesi. Garpyza gyzyl reňk berýän likopin maddasynyň ýürek-damar hem-de çiş keselleriniň öňüni almakda peýdasy diýseň uludyr. Şeýle-de onda demiriň, marganesiň, magniniň, kaliniň, nikeliň, natriniň, fosforyň duzlary bardyr. Garpyzyň süýjüligi bolsa onuň düzümindäki fruktoza bagly bolýar. Magniý garpyzyň düzümindäki iň gymmatly elementleriň biri bolup, ol gan damarlarynyň çeýeligini saklaýar we bedeniň holesterinden saplanmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, içegäniň işini kadalaşdyrýar. Adam bedenine günüň dowamynda gerek bolan magniniň möçberi üçin garpyzyň 150 gramyny iýmek ýeterlikdir.

Garpyzyň peşew çykaryjy täsiri öňden bäri mälim bolup, halk lukmançylygynda bagyr, ýürek-damar ulgamyndaky näsazlyklaryň netijesinde ýüze çykýan käbir keselleri bejermekde, böwrekdäki we peşew haltadaky daşy çykarmakda giňden peýdalanylýar. Garpyz gan basyşynyň ýokarlanmagynyň hem öňüni alýar. Onuň sykylan suwy bolsa bagry zäherli maddalardan arassalaýar. 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info