Türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallasy bilen çap edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ajaýyp tagamy taýýarlamagyň gadymy usullary boýunça çörek görnüşleriniň biri bolan gatlaklynyň taýýarlanylyşy
Un, suw we duz goşup, petir hamyr taýýarlamaly. 30–40 minut demini alansoň ýuka gatlaklara ýaýmaly, ösümlik ýagyny çalmaly, soňra gatlamaly, 100-150 gramlyk böleklere bölmeli we 1,5-2,0 sm galyňlykda ýaýmaly. Taýýar bolan gatlaklynyň iki tarapyny hem uly bolmadyk gazanda gyzyp duran yagda bişirip almaly hem-de gyzgynlygyna saçaga äbermeli.
Gatlaklarynyň köp bolmagy üçin ýaýylan hamyry birnäçe gezek ýaglamak we ýaýmak bolar. Taýýar gatlama sowamanka üstüne şeker sepmeli.
Taýýarlamak üçin 2 kg un, 1,5 nahar çemçesi duz, ýaglamak üçin 1 bulgur ýag gerek bolýar.
Show more