Göbekli Depe taryhy ýadygärligi Türkiýäniň günorta-gündogar Anadolu sebitinde ýerleşýän Şanlyurfanyň täsirli nokatlaryndan biridir. Onuň taryhy neolit döwründen başlanýar.
Eger, adamzat taryhynyň ilkinji sahypalary bilen ýüzbe-ýüz bolmak isleseňiz, şu güýzde barmaly ýeriňiz Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýerleşýän Şanlyurfadyr. «Täç Depeler» («Daş Depeler») diýlip atlandyrylýan bu sebit dünýäniň iň gadymy neolit ýadygärlikleriniň, şol sanda meşhur Göbekli Depe we Garahan Depe ýadygärlikleriniň merkezidir. Bu ýerde geçirilen soňky arheologik gazuw-agtaryş işleri geçmiş baradaky düşünjämizi düýpli üýtgedýär.
Garahan Depede ilkinji gezek adam ýüzüni şekillendirýän T görnüşli daş sütün tapyldy. Mundan öň Göbekli Depe we beýleki ýadygärliklerdäki sütünlerde diňe elleriň we gollaryň şekilleri tapylýardy, nobatdaky tapyndy bolsa olaryň adam şekilleri bilen baglanyşygyny görkezýär. Bu açyş çuňňur gözleri we aýdyň burny bolan adamyň ilkinji realistik şekili bolup, neolit sungatyny we ynançlaryny öwrenmekde täze mümkinçilikleri açýar.
Täç Depeler sebitindäki iň meşhur ýer ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Göbekli Depedir. Beýik T görnüşli sütünler, ýabany doňuzyň hakyky ululykdaky heýkeli we adamlaryň diwar suratlary bu ýerde bolýanlary gadymyýetiň ruhuna siňdirýär we myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.

