Her gün millionlarça adam «ýyldyzlaryň näme diýýändigi» bilen gyzyklanyp, gazet-žurnallaryň ýa-da elektron saýtlaryň sahypalaryny gözden geçirýärler. Göçme manyda aýdylan, muňa garamazdan, jemgyýetde giňden ulanylýan bu düşünje aslynda näme manyny aňladýar? Ýyldyzlaryň täsiri astynda adamyň doglan senesine laýyklykda düzülen çyzga Täleýnama (Goroskop) diýilýär. Irki döwürlere göz aýlasak, täleýnama düşünjesi biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda Mesopotamiýada ýüze çykypdyr. Şol döwürler ilkinji gezek Täleýnama bilen bagly tejribeler esaslandyrylupdyr.
2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynyň Täleýnamasyny gysga setirlerde size etirýäris !
Hamal (21-nji mart — 20-nji aprel)
Işde çylşyrymly ýagdaýa duçar bolmagyňyz mümkin. Anyk kararlary bermekde gyssanmaň. Munuň üçin wagtyňyzy sarp edip, ähli mümkinçilikleriňizi üns bilen gözden geçirmek iň gowusydyr. Bu size negatiw netijelerden gaça durmaga kömek eder.
Sowur (21-nji aprel — 21-nji maý)
Şu gün diňe siziň üçin döredilen ýaly. Garaz, siz ony öz peýdaňyza ulanyp bilersiňiz. Islendik işiňiz şowly bolar. Şeýle ýeňil we ylham beriji gün bolar.
Jöwza (21-nji maý — 21-nji iýun)
Iň gowusyna garaşyň. Durmuşyňyzyň bir ugrundaky kynçylyklara garamazdan, arzuwlaryňyza ýetjekdigiňize berk ynanyň. Durmuşda bir zada ýetmek islegiňiz öwgä eýedir we ajaýyp geljege mynasypdygyňyzy özüňizem bilýärsiňiz. Şonuň üçin hem, arzuwlaryňyzy amala aşyrmak üçin eliňizden gelenini ediň.
Seretan (22-nji iýun — 22-nji iýul)
Şu günki içki energiýaňyz aragatnaşyk we netijeli gürrüňler bilen doldurylýar. Siz ara alyp maslahatlaşmalarda pikirleriňizi aňsatlyk bilen gorap bilersiňiz, hatda kimdir birini öz tarapyňyzy tutmaga hem ynandyryp bilersiňiz. Özüňize yakyn adam bilen çynlakaý temalary ara alyp maslahatlaşyň we bilim alyň.
Eset (23-nji iýul — 23-nji awgust)
Täze gün sizi begendirer, sebäbi säher bilen düýnki kynçylyklar ýok bolar we günüň dowamynda gowy habarlar gelip gowşar. Duýdansyz şatlykdan lezzet alyň we durmuşyňyzyň her bir pursadynyň gadyryny biliň!
Sünbül (24-nji awgust — 23-nji sentýabr)
Maksatlaryňyz aýdyň we näme üçin ymtylýandygyňyzy bilýärsiňiz. Şeýle pikir bilen ähli zady aňsatlyk bilen ýerine ýetirjekdigiňize bil baglap bolar. Şonuň üçin hem, siz dynç alyp, zähmetiňiziň miwesine guwanyp bilersiňiz.
Mizan (24-nji sentýabr — 23-nji oktýabr)
Täsirli adam bilen duşuşyk şu gün durmuşyňyzda möhüm rol oýnap biler. Edepli we tertipli boluň, öz terbiýäňize we gepleýşiňize üns beriň! Sebäbi bu duşuşyk geljegiňize uly täsir edip biler. Ideýalaryňyzy teklip hökmünde hödürläň we oňyn netielere garaşyň. Size minnetdarlyk bildirilenden soň, üstünligiň golaýdadygyna ynanyp bilersiňiz.
Akrap (24-nji oktýabr — 22-nji noýabr)
Bu karýeraňyzda indiki ädimleri ätmek üçin ajaýyp wagt. Belki, adaty usullaryňyz könelendir we size täze pikirler gerekdir. Maksadyňyza çalt ýetmek üçin ajaýyp meýilnama düzmek ýeterlik.
Kowus (23-nji noýabr — 21-nji dekabr)
Iş taslamaňyz örän çalt gidýän ýaly. Käbir kiçi kynçylyklar bolup biler, ýöne olaryň üstünde köp oturmaň. Siz olary hökman ýeňip geçersiňiz. Esasy zat, öz ukyplaryňyza ynanmak we iň gowy netijä ymtylmakdyr.
Jedi (22-nji dekabr — 20-nji ýanwar)
Sizde karýeraňyzda we maşgalaňyzda aňsatlyk bilen öňe gidip boljak şeýle uly energiýa bar. Ýöne ony aşa köp ulanmaň, ýogsa gözegçiligi ýitirmek howpuny başdan geçirersiňiz. Dynç almaga wagt tapyň.
Daluw (21-nji ýanwar — 19-njy fewral)
Eger, şu gün kimdir birinden maslahat sorasaňyz, onuň öwezine bir zat wada bermeli bolarsyňyz. Bu adama nädip kömek edip biljekdigiňiz, galyberse-de, ony başarjakdygyňyz oýlanyň. Boş wada bermekden gaça duruň — bu size kyn pursatlardan we ýakymsyz netijelerden daşda bolmaga kömek eder.
Hut (20-nji fewral — 20-nji mart)
Käbir adamlardan gaça duruň. Söýgide göriplikden we agressiýadan saplanmaga synanyşyň. Pul bilen bagly meselelerde jedeller döräp biler. Hyzmatdaşlygyňyzda dogruçyl bolmaga synanyşyň.
Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!

