12-nji sentýabryň Täleýnamasy gysga setirlerde

MilliInfo

12 Sentýabr, 2025

Hamal (21.03 — 20.04)

Bu gün özüňize gerekli ynsanlar bilen umumy dil tapyşmak üçin amatly gün däl.

Sowur (21.04 — 20.05)

Siziň bütin ünsüňiz işiňizde we ýakynlaryňyzyň öňündäki borçlaryňyzda jemlener.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Zähmet meýdanyndaky uly üstünliklerden soň, aýlygyňyzy artdyrmagy haýyş edip bilersiňiz. Elbetde, munuň wagty geldi we bu barada ýolbaşçylaryňyz hem gaty gowy bilýär.

Seretan (22.06 — 22.07)

Bu gün siz köp serişe we güýç gönükdiren işiňizden girdeji ýa-da maddy höweslendirme alyp bilersiňiz.

Eset  (23.07 — 23.08)

Şu gün illýuiziýalaryňyzyň we özüňizi aldamak duýgusynyň täsirine düşmek howpy bar.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Bu gün siz örän ynjalyksyz ýagdaýda bolup, üýtgeýän keýpiňize doly boýun bolarsyňyz.

Mizan (24.09 — 23.10)

Häzirki alyp barýan işiňiz diýseň agyr bolup biler. Muňa garamazdan, ol girdejili bolar.

Akrap (24.10 — 22.11)

Özüňizi çäklendiriň, ölçerip-dökmezden hereket etmäň, sabyrly boluň — şonda göz öňünde tutan maksadyňyza ýetmek mümkinçiligi uly bolar.

Kowus (23.11 — 21.12)

Täjirçilik ädimleriňiz şowly bolar.

Jedi (22.12 — 20.01)

Başlangyçlaryňyzy batyrgaýlyk bilen hödürläň, pikirleriňizi we teklipleriňizi kärdeşleriňize hem-de ýolbaşçylaryňyza ýetirmek maslahat berilýär.

Daluw (21.01 — 20.02)

Uzakdaky kynçylyklary öňünden göz öňüne getirmeýän adamlara ýakyndaky düşnüksiz ýagdaýlar garaşýar.

Hut (21.02 —20.03)

Bu gün döredijilik bilen meşgullanýan adamlar üçin aýratyn amatlydyr.

Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info