13-nji sentýabryň Täleýnamasy gysga setirlerde

MilliInfo

13 Sentýabr, 2025

Hamal (21.03 — 20.04)

Hojalyk işleri bilen köpräk meşgullanmagy we maşgala agzalary bilen gatnaşyklaryňyzy açyklaýan gürrüňlerden gaça durmagy maslahat berýäris.

Sowur (21.04 — 20.05)

Siziň sowukganlylygyňyz ýakyn adamyňyz tarapyndan ünsüzlik ýaly kabul edilip, düşünişmezlige we göwnüň galmagyna sebäp bolup biler.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Ýalançy tekliplere aldanmaň.

Seretan (22.06 — 22.07)

Size gaýtaryň bermezlik şerti bilen kömek eden adamlara töleg etmegiň wagty gelen bolmagy mümkin.

Eset  (23.07 — 23.08)

Bu gün köp sanly başagaýlyklary we tolgunmalary getirer. Olar ýakynlaryňyz bilen bagly bolup biler.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Şu güne bellenen işler seýrek duş gelýän üstünlik bilen geçer.

Mizan (24.09 — 23.10)

Islendik maliýe meselelerini çözmegi yza süýşüriň, hiç hili resminama gol çekmäň.

Akrap (24.10 — 22.11)

Uzak saklanan maliýe işlerinden seresap boluň!

Kowus (23.11 — 21.12)

Bu gün sizi maddy kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolmagyňyz mümkin.

Jedi (22.12 — 20.01)

Gurluşykçylar, tehnika we hyzmatlar ulgamlarynda işleýänler üçin amatly gün bolar.

Daluw (21.01 — 20.02)

Saglygyňyz hakynda aladalanyň! agyr ýük götermezlige çalşyň!

Hut (21.02 —20.03)

Özüňize we saglygyňyza has köp üns bermek gerek.

Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo