15-nji sentýabryň Täleýnamasy gysga setirlerde

MilliInfo

15 Sentýabr, 2025

Hamal (21.03 — 20.04)

Bu gün size çynlakaý söhbetiň ýakymsyz täsirinden gaçyp gutulmak başatmaz.

Sowur (21.04 — 20.05)

Hemaýatkär tapmak mümkinçiligi uly bolar.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Bu gün söýgi babatda täze üstünlikleri, netijeli duşuşyklary, medeni çäreleri we täsirli dabaralary wada berýär.

Seretan (22.06 — 22.07)

Şu gün siz maliýe ýitgileri bilen ýüzbe-ýüz bolup bilersiňiz — munuň sebäbi aşa ynamlylygyňyz bolar.

Eset  (23.07 — 23.08)

Binagärler we işläp düzüjiler üçin düşümli gün bolar.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Bu gün özbaşdak bilim almak we umumy dünýägaraýşyňy giňeltmek üçin amatly bolar.

Mizan (24.09 — 23.10)

Artyk özüňe guwanmak we çalt hereket etmek düýpli ädimleri ätmegiň gözbaşy bolup biler.

Akrap (24.10 — 22.11)

Maşgalanyň ýaşuly agzalary we dostlar bilen aragatnaşyk şatlykly hem peýdaly bolar.

Kowus (23.11 — 21.12)

Siziň işjeňligiňiz käbir adamlar tarapyndan nädogry düşünilip bilner. Olar sizi adatdan daşary özüne ynanýan adam hökmünde kabul edip bilerler.

Jedi (22.12 — 20.01)

Güniň birinji ýarymy has netijeli bolar, şonuň üçin hem, jedelli meseleleri günortandan öň çözmek has gowudyr.

Daluw (21.01 — 20.02)

Bu gün işewürlik duşuşyklaryny bellemek maslahat berilmeýär.

Hut (21.02 —20.03)

Işde kärdeşleriň arasynda düşünişmezlikleriň ýüze çykmak ähtimallygy uly bolup biler

Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo