Hamal (21.03 — 20.04)
Bu gün Hamallara möhüm ýeňiş üçin mümkinçilik bolar, ýöne munuň üçin tagalla temelisiňiz. Garşydaşlaryňyz diňe bir güýçli bolman, eýsem, özboluşly zehine hem eýelik etmegi garşy durmagy kynlaşdyryp biler. Işleriňizde tutanýerlilik gorkeziň!
Sowur (21.04 — 20.05)
Bu gün täze taslamany kabul etmek ýa-da kyn meseläni çözmek üçin amatly gün. Tejribeli adamlardan maslahat almak bilen başarnygyňyzy kämilleşdirmek gerek. Şu gün aljak maglumatlaryňyz işleriňizde uly peýda getirer.
Jöwza (21.05 — 21.06)
Bu gün özüňizi täzeden doglan ýaly duýarsyňyz. Käbir işlerde täze ädim ätmek, öňki ýalňyşlyklarňyzy düzetmek islegi döremegi mümkin. Şeýle günlerde sabyrly bolmak siz üçin peýdaly nolar.
Täze tanyşlyklar we dostluk döremegi mümkin.
Seretan (22.06 — 22.07)
Bu gün duýgularyň täsiri uly bolar. Ýakynlarňyzyň sözlerine we hereketlerine has köp üns bersersiňiz. Emma her bir zada ýüregiňiz bilen däl-de, akyl bilen çemeleşmäge synanyşyň. Seretanlara köne dost bilen täzeden duşuşmak mümkinçiligi dörär.
Eset (23.07 — 23.08)
Esetler başlan işlerini sabyrlylyk we sowukganlylyk bilen ýerine ýetirmelidirler. Ýüregiňizi diňläň, emma akylyňyza daýanmagy hem unutmaň. Şu gün kabul edilýän ownuk kararlar ertirki üstünliklere ýol açar. Geçmişi ýatlamak däl-de, geljege garamak gerek.
Sünbüle (24.08 — 23.09)
Bu gün özüňizi tertipli, guramaçylykly ynsan hökmünde duýarsyňyz, döredijilik bilen işlemäge taýýar ýagdaýda bolarsyňyz. Ýöne beýlekileriň nädogry hereketleri sizde syrly garaýyşlary döredip biler. Bütün günüň dowamynda ünsüňizi özüňize we maksadyňyza gönükdiriň. Käbir sünbüleler üçin öň garaşylmadyk çykdajy bolup biler.
Mizan (24.09 — 23.10)
Bu gün deňagramlylygy saklamak möhümdir. Deňagramlylyk her ýerde esasy açardyr. Durnuklylyk we sabyr iň kyn ýagdaýlarda hem siziň üçin uly güýç bolar. Maliýe meselesinde gurnama işlerine başlamak üçin amatly wagt, ýöne uly töwekgelçiliklerden saklanmak maslahat berilýär.
Akrap (24.10 — 22.11)
Akrap ýyldyzynyň astynda doglanlara bu gün rahatlygy elden bermezlik, birnaçe täze meleleleri we teklipleri oňyn çözmegi başarmak gerek. Esasan hem, daýhançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan adamlara «Akrap geler sygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýen nakyla eýerip, hasyl ýygnamagyň we mallaryň aladasyny etmegiň wagtynyň gelendigi ýatladylýar.
Kowus (23.11 — 21.12)
Kellaňizdäki pikirlerden saplanyp, dynç almagyň wagty geldi. Siz örän köp işlediňiz, çeken zähmetiňiz size diňe şatlyk getirdi. Siziň iş ýeriňizi üýtgetmegiňiz mümkin. Saglygyňyza üns bermegi unutmaň!
Jedi (22.12 — 20.01)
Bu gün akylly we işeňňir Jedilere uly üstünlik getirer. Maksada okgunly, kynçylyklara çydamly Jediler göreşden çekinmeli däldirler. Şonuň üçin hem, bu gün olaryň öz öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmegi üçin amatly gün bolar.
Daluw (21.01 — 20.02)
Arzuwçyl daluwlar bilen bilelikde iş alyp barjaklar tapylar. Düşünjesi giň we zehinli Daluwlar täze başlangyçlary üstünlikli alyp bararlar. Ýyldyzlar size irginsiz zähmetden soň tebigatda dynç almagy maslahat berýär.
Hut (21.02 —20.03)
Döredijilige duýgur Hutlara bolsa ýyldyzlar halaýan reňklerindäki eşikleri geýmegi malahat berýär. Iş ýeriňizde gujur-gaýratyňyzy gaýgyrmaly dälsiňiz. Şeýle ýagdaýda ýolbaşçylaryňyzyň hem tamasyny ödärsiňiz. Pul bilen bagly meselede seresaply hereket etmek masahat berilýär.
Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!