21-nji sentýabryň Täleýnamasy gysga setirlerde

MilliInfo

21 Sentýabr, 2025

Hamal (21.03 — 20.04)

Häkimiýet edaralaryna ýüz tutmalaryňyz üstünlikli bolar.

Sowur (21.04 — 20.05)

Özdiýenliligiňiz ýakyn adamyňyz bilen aranyňyzda düşünizmezligiň döremegine sebäp bolup biler.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Öňüňizde goýlan wezipe näçe kyn bolsa, siz ony şonça-da gowy ýerine ýetirýärsiňiz.

Seretan (22.06 — 22.07)

Täze gün sizi uly ýaşlylar bilen jedelleşmäge iterip biler.

Eset  (23.07 — 23.08)

Agşamy maşgalaňyz bilen bilelikde geçirmek maslahat berilýär.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Kelläňize has netijeli ideýalar geler.

Mizan (24.09 — 23.10)

Iş ýeriňizdäki täsirlere diýseň hüşgär çemeleşiň! Aýratyn hem, ýolbaşçylaryňyz bilen bagly meselelerde seresaplylygy elden bermäň!

Akrap (24.10 — 22.11)

Şu gün dürli edaralaryň jogäpkär işgärleri bilen duşuşyklary meýilleşdirmek ýerlikli bolar.

Kowus (23.11 — 21.12)

Işleriňiz bilen bagly aladalaryň döremegi mümkin.

Jedi (22.12 — 20.01)

Artykmaç ýüklenmeler nerw dartgynlygynyň döremegine sebäp bolup biler.

Daluw (21.01 — 20.02)

Köp duşuşyklar, umyt beriji gepleşikler bolar, hatda özüne çekiji mümkinçilikleriň açylmagy hem ähtimal.

Hut (21.02 —20.03)

Iň ýokary derejede ünsüňizi jemlemegi talap edýän köp sanly gyssagly işler ýüze çykyp biler.

Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo