25-nji sentýabryň Täleýnamasy gysga setirlerde

MilliInfo

25 Sentýabr, 2025

Hamal (21.03 — 20.04)

Siziň energiýaňyz «Formulа-1-iň» badalga çyzygynda duran awtoulagyň mümkinçiligine meňzeýär. Muňa garamazdan, ilkinji çatrykda badyňyzy gowşatmaly bolarsyňyz.

Sowur (21.04 — 20.05)

Özüň üçin saýlan iň gymmat peýniriň bir bölejigini dadyp gör ýa-da häzire çenli arzuw eden zatlaryň haýsy hem bolsa birini satyn al.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Siziň günüňiz toparlaýyn söhbetdeşliklere beslener.

Seretan (22.06 — 22.07)

Ýyldyzlar bu gün az-kem «öý pişigi» bolmagyňyzy maslahat berýärler. Özüňize, ojagyňyza we iň ýakyn adamlaryňyza wagt aýryň.

Eset  (23.07 — 23.08)

Bu gün siz sowuk agşamlardaky peç ýaly ýyly we özüne çekiji ýagtylyk saçýarsyňyz. Garaz, hemmeler siz bilen ysnyşmak islär.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Siz iň ujypsyz ýalňyşlyklary hem görersiňiz we olary ussatlyk bilen düzedersiňiz.

Mizan (24.09 — 23.10)

Gepleşikleri geçirmek, ylalaşyk gazanmak we romantiki duşuşyklar üçin ajaýyp gün.

Akrap (24.10 — 22.11)

Säher bilen «rentgen görüşi» düzgünine girersiňiz we köp babatda adamlaryň niýetini duýarsyňyz.

Kowus (23.11 — 21.12)

Şäheriň çetindäki muzeýe ýa-da tanyş bolmadyk ýurduň tagamlaryny hödürleýän kafe gidip görüň. Şol ýerde size gyzykly duşuşyk ýa-da dünýäňizi giňeltjek pikirler garaşýar.

Jedi (22.12 — 20.01)

Durmuşa has işjeň göz bilen seredersiňiz. Ädimleriňizi batyrgaýlyk bilen ätmegiň wagty geldi.

Daluw (21.01 — 20.02)

Bu gün käbir meselelere akylly-başly çemeleşmek agyr düşer, kelläňiz ähmiýetsiz pikirleriň generatory ýalydyr. Şeýle pikirleri özüňizde uzak wagtlap saklamaň!

Hut (21.02 —20.03)

Daş-töwerekdäki zatlaryň her birinden ylham tolkunlaryny tutup bilersiňiz.

Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo