28-nji sentýabryň Täleýnamasy gysga setirlerde

MilliInfo

28 Sentýabr, 2025

Hamal (21.03 — 20.04)

Şu günki joşgunyňyzy hem hyjuwyňyzy dostluk ýörelgelerine gönükdiriň.

Sowur (21.04 — 20.05)

Ozalky algyňyzy gaýtarylyp bererler. Ujypsyz zatlaryň hem gadyryny biliň!

Jöwza (21.05 — 21.06)

Şu gün siziň dilewarlygyňyz esasy baýlygyňyz bolar.

Seretan (22.06 — 22.07)

Duýgy ýüküňizi arassalap, täze duýgular üçin ýer boşatmagyň wagty geldi.

Eset  (23.07 — 23.08)

Ýakyn dostlaryňyzyň arasynda has-da şöhratlanmaga taýýar boluň.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Bu gün siziň üçin giň mümkinçilikleriň güni.

Mizan (24.09 — 23.10)

Ýyldyzlar eşik dolabyňyzda (garderobyňyzda) gözden geçiriş işlerini geçirmegi maslahat berýär.

Akrap (24.10 — 22.11)

Bu gün siz kiçijik, ýöne gyzykly bir syr bilen tanyş bolup bilersiňiz.

Kowus (23.11 — 21.12)

Sizi kiçijik bir başdangeçirme garaşýar. Gorkmaň, ol diňe oňyn duýgulary getirer.

Jedi (22.12 — 20.01)

Şu gün biraz dynç almak, hepdeläp ýygnanan zatlary gerdeniňizden düşürmek has gowudyr.

Daluw (21.01 — 20.02)

Hemmeler tarapyndan inkär edilen pikirleriňiz hem şu gün garaşylmadyk ýagdaýda goldaw tapar.

Hut (21.02 —20.03)

Fantaziýalaryňyza ynanyň. Bu gün olar sizi uly üstünliklere ýetirer.

Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo