29-njy sentýabryň Täleýnamasy gysga setirlerde

MilliInfo

29 Sentýabr, 2025

Hamal (21.03 — 20.04)

Bu gün sizi tötänleýin satyn almalara sezewar etjek ýagdaýlar döräp biler.

Sowur (21.04 — 20.05)

Ýyldyzlar şu gün ýol ugruňyzy üýtgetmegi maslahat berýär. Siz diňe bir aýaklaryňyzy ýazmak bilen çäklenmän, eýsem, beýik ideýalara alyp gijek ýazgylara hem duşarsyňyz.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Tötänleýin başlan söhbet gyzykly tanyşlyga ýa-da garaşylmadyk teklibe eltip biler. Siziň şu günki temalaryňyzdan biri «aragatnaşyklaryň ulgamydyr».

Seretan (22.06 — 22.07)

Ýylyjak öýde oturasyňyz gelýän hem bolsa, ýyldyzlar sizi daşary çykmak üçin çakylygy kabul etmäge çagyrýar.

Eset  (23.07 — 23.08)

Asla adaty bolmadyk ýerde minnetdarlyga garaşyň.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Bu gün siz üçin synaglaryň hem-de meýilleşdirmegiň güni bolar.

Mizan (24.09 — 23.10)

Şu gün deňagramlylygy deňagramsyzlygyň üsti bilen tapmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Meselem, dürli reňkli jorap geýiň ýa-da ertirlikde adaty bolmadyk tagamlary iýiň.

Akrap (24.10 — 22.11)

Bu gün degişmeler siziň iň gowy gorag serişdäňiz bolar.

Kowus (23.11 — 21.12)

Syýahat ruhy hatda iň ujypsyz ýa-da ownuk zatlarda hem özüni görkezmek islär.

Jedi (22.12 — 20.01)

Başlyklar şu gün siziň wagtynda gelşiňize däl-de, wezipä bolan adaty bolmadyk çemeleşmäňize ýokary baha bererler.

Daluw (21.01 — 20.02)

Täsin görünmekden gorkmaň — şu gün siziň geň häsiýetiňiz super güýje öwrüler.

Hut (21.02 —20.03)

Bu gün düýşleriňize we öňdengörüjilik duýgularyňyza ynanyň.

Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo