30-njy sentýabryň Täleýnamasy gysga setirlerde

MilliInfo

30 Sentýabr, 2025

Hamal (21.03 — 20.04)

Şu gün siziň energiýaňyz saklaýjysyz ýaryş awtoulagy ýaly. Ýöne ýol ulag hadysasynyň ornuna işdeşleriňiz bilen «ideýa ýaryşyny» geçirersiňiz.

Sowur (21.04 — 20.05)

Maliýe ýagdaýyňyz şeýle pyşyrdaýar: «Bir ýumşak zat satyn al!». Ony diňlemek gerek.

Jöwza (21.05 — 21.06)

Şu gün özüňizi metrodaky Wi-Fi ýaly duýarsyňyz: käwagt tolkunlaryňyzyň görkezijisi gowşaýan ýalydyr, ýöne şonda-da ähmiýetlisiňiz.

Seretan (22.06 — 22.07)

Hatda arzan romanyň setiri ýaly eşidilse-de, öwgüli sözleri aýtmagy unutmaň.

Eset  (23.07 — 23.08)

Şu gün siz sahnanyň däl-de, köçäniň ýyldyzy. Näbelli bir adama ýylgyryň — belki, ol siziň üçin hyzmatdaş bolar.

Sünbüle (24.08 — 23.09) 

Aljyraňňylyk bilen hoşlaşmagyň wagty geldi. Gutylaryňyzy tertipleşdiriň, şkafyňyzy täzeden gözden geçiriň ýa-da köne galamlary aýryň.

Mizan (24.09 — 23.10)

Bu gün siziň «hemmesini birden» islemegiňiz mümkin: kofe, ylham, ysnyşma... Özüňize bu lezzetleriň hödürlenmegine ýol beriň!

Akrap (24.10 — 22.11)

Gizlin zehiniňiz özüni görkezmek isleýär. Olara ýola açyp beriň. Gatnaşyklarda bolsa içki duýgularyňyza ynanyň.

Kowus (23.11 — 21.12)

Dünýäni öwrenmegiň wagty geldi. Hatda bu täze bir restorandan nahar sargyt etmek ýa-da Aýyň syrlary hakynda makala okamak ýaly bir täzelik bolsa-da...

Jedi (22.12 — 20.01)

Sizi karýeraňyz çagyryýar, ýöne howlukmaň. Şu gün üstünlik — adaty bolmadyk çözgütlerde.

Daluw (21.01 — 20.02)

Şu gün siz internet ýaly — bir wagtda hemme ýere ýetişersiňiz. Dostuňyza kömek ediň, işdeşleriňizi goldaň, ýöne batareýaňyza täzeden energiýa bermegi unutmaň.

Hut (21.02 —20.03)

Siziň günüňiz fantaziýaňyz ýaly ýagty bolar.

Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo