23-nji fewral — 1-nji mart: Ýyldyzlar näme diýýär?

MilliInfo

4 sagat öň

Hamal

Täze hepde Hamallary ajaýyp  bahar atmosferasy, oňyn keýp we käbir gowy habarlar bilen begendirer. Duşenbe güni söýýän adamyňyz bilen gaýtadan tanyşmaga mümkinçilik döreder. Sişenbe we çarşenbe günleri asuda, ýekelikde işlemek iň uly üstünlik getirer. Penşenbe güni köp wagt bäri yza süýşürip ýören möhüm kararyňyzy kabul etmegiňizi talap edip biler. Hepdäniň ikinji ýarymynda gapma-garşylyklara çekilip bilersiňiz. Her näme bolsa-da, bulardan gaça duruň. Dynç günleri maşklary ýerine ýetirmäge we özüňize ideg etmäge üns beriň.

Sowur

Sowurlar üçin üýtgeşik döwür golaýlaýar. Eger işiňizi üýtgetmek barada pikir edýän bolsaňyz ýa-da şahsy durmuşyňyzda käbir üýtgeşmeleri girizmek isleýän bolsaňyz wagt geldi. Emma Merkuriniň yza gaýdýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň we üýtgemegine garaşmaň. Her bir zadyň öňüni almaga taýýar boluň we aýgytly ädimler ädiň. Täze baglanyşyklary we girdeji çeşmelerini tapmak üçin wagt sarp ediň. Hepdäniň ortasynda hiç bir sebäpsiz şähdiňiziň açylmagy mümkin. Elbetde, mundan gowy sebäp gözläň. Çünki bahar golaýlap gelýär. Anna güni pikir edýän täze taslamaňyza başlaň. Dynç günleri geljekki dynç alşyňyz barada oýlanyň: meýilnama düzüň we syýahat biletlerini satyn alyň.

Jowza

Bu hepde Jowzalar üçin köp sowallary döredip biler. Isleseňiz-islemeseňiz öý işleri bilen meşgullanmaly bolarsyňyz. Duşenbe we sişenbe günleri öň başlan taslamalaryňyzy dowam etdirmek we tamamlamak üçin amatlydyr. Hepdäniň ortasynda döredijilikli adamlar üçin hakyky öňegidişlik bolup biler. Esasy zat, pikirleriňizi amala aşyrmak üçin wagtyňyzy netijeli ulanmakdyr. Penşenbe we anna günleri uzak saparlardan gaça duruň: lapykeçlik howpy ýokary. Şeýle-de bolsa, dostlaryňyz bilen dynç günleri üçin duşuşyk şatlyk wada berýär.

Seretan

Geljek hepde Seretanlaryň keýpi örän durnuksyz bolar, ýöne geçip barýan gyşa däl-de, ýakynlaşyp gelýän ýaza üns berseňiz, oňa täsir edip bilersiňiz. Goý, bu size ylham bersin we höweslendirsin. Duşenbe we sişenbe günleri täze bilimleri almak üçin gowy — hatda birnäçe daşary ýurt sözleri bolsa-da... Çarşenbe güni energiýaňyzy tygşytlamaň; ähli zady möhüm taslamany tamamlamaga sarp ediň. Hepdäniň ikinji ýarymy şahsy durmuşyňyzda üýtgeşmelere getirip biler. Emma aýratyn üns beriň: bu üýtgeşmeleriň oňyn bolmagy üçin has köp başlangyç görkezmeli.

Eset

Esetler saglygyna üns bermelidirler. Bu hepde nähili işli bolsaňyzam, olar garaşyp bilerler. Eger bir zat sizi uzak wagtlap biynjalyk edýän bolsa, hünärmene ýüz tutuň. Eger özüňizi gowy duýýan bolsaňyz, iýmitlenişiňizi we maşklaryňyzy nädip gowulandyryp boljakdygyny gözden geçiriň. Hepdäniň birinji ýarymynda energiýany boş ýere sarp etmegiň ýerine ony toplamaga synanyşyň. Penşenbe we anna günleri gelýän tekliplere ünsli boluň: olar durmuşyňyzy üýtgedýän zatlary öz içine alyp biler. Dynç günlerinde şikeslerden we gögermelerden seresap boluň.

Sünbüle

Sünbüleler geljekki günlerde keýpiň üýtgemegini başdan geçirip bilerler. Hiç kim bilen jedelleşmezlige ýa-da özüňiz üçin gereksiz kynçylyklary döretmezlige çalşyp. Çarşenbe güni saglygyňyzyň ýaramazlaşmagy mümkin, şonuň üçin hem, şol gün üçin möhüm zady meýilleşdirmejek boluň. Penşenbe güni maşgalaňyz ýa-da dostlaryňyz bilen duşuşmak üçin amatly. Anna güni ýakyn adamyňyz uzak wagtlap yza süýşürip gelen kararyňyzy aýtmagyňyzy talap edip biler. Dynç günleri medeni çärelere gatnaşyň: estetika we sungat  goşmaça  ylham beriji bolup biler.

Mizan

Bu hepde Mizanlar birnäçe garaşylmadyk ýagdaýlary getirip biler. Emma alada etmeň we netijä ynanyň - begenersiňiz. Duşenbe güni size syýahat ýa-da iş sapary teklip edilip bilner, ony ret etmäň, sebäbi ykbally duşuşyklar bolup biler. Çarşenbe hakyky howlukmaçlyk bolar, ýöne ýyldyzlar bularyň hemmesiniň hötdesinden gelip biljekdigiňizi aýdýarlar. Penşenbe gyzykly duşuşyk getirip biler we işli bolsaňyz hem nyşanany dürs urup bilersiňiz. Hepdäniň ikinji ýarymynda karar kabul edeniňizde, diňe özüňize gulak asyň: köp maslahatçy bolar, ýöne olar sizi ýalňyş ýola salar. Mart aýynyň kyn bolmagyna garaşylýany üçin dynç günlerinde gowy dynç almaga synanyşyň.

Akrap

Akraplar geljekki günlerde dynç alyş pikirlerini bir gyra goýmalydyr we uzak wagtlap üns berilmedik işleri tamamlamalydyr. Olaryň käbirini tamamlanyňyzdan soň, şol taslamalar bilen gelýän ylham we ruhlanma sizi geň galdyrar. Hepdäniň birinji ýarymynda ähli mümkin bolan işleri başgalara tabşyryň. Hepdäniň ikinji ýarymynda köp duşuşyklar we gürrüňler bolup biler, ýöne olaryň köpüsi netijesiz bolar. Şeýle-de bolsa, «million dollarlyk pikir» birden peýda bolup biler. Anna güni romantiki duşuşyklar we medeni çäreler üçin ajaýypdyr.

Kowus

Bu hepde ýyldyzlar Kowuslara meýilnamalaşdyrmagy — iş, maliýe we, şahsy durmuşyňyz barada hem pikirlenmäge aýratyn üns bermegi maslahat berýärler: häzirki gatnaşyklaryňyz nähili we olary geljekde nähili göz öňüne getirýärsiňiz? Belki, islegleriňiz we tagamlaryňyz düýpli üýtgändir, ýöne siz henizem köpden bäri ýerine ýetirilmedik köne ýolda galýarsyňyz. Hepdäniň birinji ýarymynda kofe ýa-da myhmançylyk çakylyklaryny ret etmäň — adamlar bilen duşuşyklar size uly ylham berer. Penşenbe güni köne hapaçylyklary arassalamaga biraz wagt sarp ediň. Anna güni özüňizi ýadaw duýup bilersiňiz — kitap okaň we dynç alyň.

Jedi

Bu hepde Jedileriň durmuşynda köpden bäri garaşylýan üýtgeşmeler bolar. Uzak wagtlap we köp tagalla edip ýören wakalaryňyz ahyrsoňy durmuşa geçer we sizi begendirer. Emma seresap boluň we üstünlikleriňizi berkitmek üçin howlukmaň. Şeýle hem, öň sizi aldap ýören adamlara ynanmaga başlamaň. Sişenbe güni täze bilim almaga we öz-özüňi ösdürmäge wagt sarp ediň. Penşenbe güni size gyzykly teklip gelip biler - ony dessine kabul etmäň: ähli zadyň, hakykatdan hem, şeýle gowydygyny barlaň. Anna güni mynasyp sylag ýa-da ykrarnama alyp bilersiňiz. Dynç günleri maliýe meselelerine üns beriň.

Daluw

Bu hepde Daluwlaryň daşky görnüşinde, garderobynda ýa-da daş-töwereginde islendik daşarky gowulaşmalardan gaça durmagy iň gowusydyr. Bu şeýle meseleler üçin amatly wagt däl. Sport bilen ysnyşyň: duşenbe we sişenbe günleri häsiýetiňize laýyk gelýän täze fiziki işjeňlik görnüşlerini açmaga synanyşyň. Çarşenbe güni çözülmedik şahsy meseleler hemme zady togtadyp biler. Hepdäniň ikinji ýarymynda, hakykatdan hem, isleseňiz-de, hiç kimiň sözüni bölmejek ýa-da düzetmejek boluň. Dynç günleri ýyldyzlar azyndan birnäçe sagatlap aragatnaşykdan daşda galmagy maslahat berýärler: belki, kinoteatra, teatra, sergä gidip bilersiňiz ýa-da şäherde aýlanmak maslahat berilýär.

Hut

Bu hepde Hutlar üçin üstünlikli bolar. Ilki baharyň demi siziň keýpiňizi we energiýaňyzy düýpli üýtgeder. Döreýän täze impulslardan saklanmaň. Daş-töweregiňizi arassalamak üçin wagt sarp ediň. Sişenbe güni islendik taslamany, hatda iň töwekgelçilikli işleri hem batyrgaýlyk bilen kabul ediň. Anna güni taslamalaryňyz bilen öňe gitmekde aýratyn tutanýerli boluň we işleri isleýşiňiz ýaly çalt ýerine ýetirmejekdigiňiz barada alada etmäň. Dynç günleri bolsa diňe dynç alyň.

 

 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info