Hamal (21.03 — 20.04)
Hamallar üçin dynç alyş ruhuny dikeltmegiň iň gowy ýoly — söwda. Ýyldyzlaryň maslahaty: özüňize islän zadyňyzy satyn almaga rugsat beriň — bu gün siziň günüňiz!
Sowur (21.04 — 20.05)
Sowurlara öňde özüneçekiji we aýratyn bir dynç güni garaşýar: siz gyzyklanmalaryň merkezinde bolarsyňyz.
Jöwza (21.05 — 21.06)
Jöwzalaryň gününi dürli garaşylmadyk wakalar bulaşdyryp biler, şonuň üçin hem, netije çykarmakda howlukmak bolmaz.
Seretan (22.06 — 22.07)
Seretanlara ähli ýere ýetişmek kyn düşüp biler — teklipler şeýle köpeler welin, siz sähelçe hem bolsa aljyraňňylyga düşersiňiz.
Eset (23.07 — 23.08)
Geçmişdäki zatlaryň käbirini yzda galdyrmaly bolarsyňyz — gynanmak üçin ýer ýok.
Sünbüle (24.08 — 23.09)
Bir günlük hem bolsa iş-aladalary unutmak gerek — dynç günleriňizi özüňize we islegleriňize bagyşlaň!
Mizan (24.09 — 23.10)
Ýyldyzlar Mizanlar üçin garaşylmadyk täsinlikleri wada berýär: size sowgat berenler ýa-da duýgularyny mälim etjekler tapylar.
Akrap (24.10 — 22.11)
Duýgularyňyzy gizlemäň.
Kowus (23.11 — 21.12)
Şübhelenmegiň wagty däl: eger, haýsydyr bir zady boýun almak isleýän bolsaňyz, Ýyldyzlar munuň üçin ilkinji ädimiňizi ätmegi maslahat berýärler.
Jedi (22.12 — 20.01)
Dynç günleri başdangeçirmeler üçin döredilendir — bolýan ähli wakalara «hawa» diýiň!
Daluw (21.01 — 20.02)
Daluwlar uzak wagtlap galan işlere şu gün başlarlar. Şunlukda, size uly üstünlikler ýar bolar.
Hut (21.02 —20.03)
Täze tanyşlyklar we gurşawyň üýtgemegi dynç günleriňiziň bezegine öwrüler.
Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!!

