Hamal (21.03 — 20.04)
Ýyldyzlar sözlere üns bermegi maslahat berýär, ýöne olaryň ýürekden bolmagyny gazanyň. Üstünlik adaty bolmadyk çözgütlerde garaşýar.
Sowur (21.04 — 20.05)
Bu gün Sowurlaryň güýji bulaşyklykda hem rahatlygy döretmegi başarýanlygynda jemlener.
Jöwza (21.05 — 21.06)
Astrologik çaklamalar ähmiýet bermegi talap edýän zatlary özüňize bellik etmegi maslahat berýär.
Seretan (22.06 — 22.07)
Aý duýgulary döredijilik ugruna gönükdirmäge kömek eder.
Eset (23.07 — 23.08)
Üns merkezindedigiňize uly ähmiýet bermäň, ondan ýerlikli peýdalanmagy başaryň!
Sünbüle (24.08 — 23.09)
Günüň energetikasy akymyň ugry boýunça hereket etmegi teklip edýär.
Mizan (24.09 — 23.10)
Bu gün şowlulyk tötänleýin kabul edilen çözgütlerde bolar.
Akrap (24.10 — 22.11)
Bu gün Akraplaryň güýji ýerlikli dymmakda jemlener.
Kowus (23.11 — 21.12)
Üstünlik size rahatlyk zonasynyň gutarýan ýerinde garaşýar.
Jedi (22.12 — 20.01)
Degişme duýgusyny saklap galmagy başaryň. Diňe şonda uly sowgat bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz.
Daluw (21.01 — 20.02)
Netijesiz hasaplan ideýalaryňyzy hem ýazyp alyň. Bir aýdan soň ideýalaryňyzyň diýseö uly täsire eýedigine düşünersiňiz!
Hut (21.02 —20.03)
Arzuwlaryň sizi uzaklara alyp gitmegine ýol bermäň. Şeýle ýagdaýda barmaly menziliňize ýetip bilmezligiňiz mümkin.
Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!

