Hamal (21.03 — 20.04)
Hamallaryň içki dartgynlygy dowamly artýar. Energiýaňyzy parahat ýola gönükdiriň.
Sowur (21.04 — 20.05)
Sowurlar köp ýalňyşlyklary taparlar — diňe özüniňkileri däl, eýsem, kärdeşleriniňkileri hem. Esasy zat — utanjaňlyk etmäň, pikirleriňizi açyk aýdyň!
Jöwza (21.05 — 21.06)
Başdan ünsüňizi netijelere gönükdirseňiz, üstünlige uzaýan ýol öz-özünden ýüze çykar.
Seretan (22.06 — 22.07)
Seretanlar geçmişdeki ýalňyşlyklaryny düzetmäge synanyşarlar we köpden bäri arzuw edýän iş derejesine çalt ýetmegiň ýollary hakynda oýlanarlar.
Eset (23.07 — 23.08)
Esetler daş-töweregi öz häsiýetleri bilen doldurarlar. Hatda berk ýolbaşçy hem siziň täsirleriňize garşy durup bilmez.
Sünbüle (24.08 — 23.09)
Bu Ýyldyzyň astynda dünýä inenler başlan ähli taslamalaryny tamamlamak üçin ýeterlik derejedäki güýje we energiýa eýelik ederler. Mundan başga-da, Esetlerde synaglary geçirmek islegi dörär.
Mizan (24.09 — 23.10)
Mizanlara işde dogruçyl bolmak möhümdir. Islendik düşnüksizlik ýa-da açyk aýdylmadyk zat uly kynçylyklara sebäp bolup biler.
Akrap (24.10 — 22.11)
Akraplar işi küşt oýny ýaly kabul ederler: olar öz hereketlerini birnäçe ädim öňünden oýlap görerler we ýalňyşmazlar.
Kowus (23.11 — 21.12)
Kowuslar islendik işi hakykata öwürýärler, esasan hem, olar toparlaýyn işde öz mümkinçiliklerini doly açyp bilerler.
Jedi (22.12 — 20.01)
Jediler çydamlylygyň we sabyrlylygyň nusgasyny görkezerler.
Daluw (21.01 — 20.02)
Häzir siz ýolbaşçynyň gözegçiligindesiňiz, şonuň üçin hrm, ähli başarnyklaryňyzy görkezmek möhüm.
Hut (21.02 —20.03)
Hutlar «Güýç-kuwwatyň bar ýerinde akyl gerek däl» ýörelgesi bilen hereket ederler, gönüden-göni ýola çykarlar we köp ýalňyşlyga ýol berip bilerler.
Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!

