Hamal (21.03 — 20.04)
Hamallar üçin işjeňligiň we täze başlangyçlaryň döwri başlanýar.
Sowur (21.04 — 20.05)
Heniz uly taslamaňyz bolmadyk bolsa, häzir öz şahsy taslamaňyza başlamak üçin iň amatly wagt.
Jöwza (21.05 — 21.06)
Jöwzalara maliýe üstünlikleri garaşýar. Bu bolsa tertiplilik we tutanýerlilik bilen bilelikde amala aşar.
Seretan (22.06 — 22.07)
Seretanlar üçin hünär ugrunda işjeň ösüş bolar. Şowlulyk, esasan hem, işde özüňizi görkezip bilmegiňizde jemlener.
Eset (23.07 — 23.08)
Esetler biraz ýadady, olara dynç almak gerek. Bu ýyldyzlaryň wekillerine syýahat babatda şowlulyk ýar bolar.
Sünbüle (24.08 — 23.09)
Ruhy çökgünligi we ýaltalygy yzda galdyryň.
Mizan (24.09 — 23.10)
Mizanlar içki duýgularyna daýanyp bilerler. Bu olary täze ýeňişlere ýetirer.
Akrap (24.10 — 22.11)
Hünär taýdan ösüş we işde öz ornuny berkitmek üçin ajaýyp pursat bolar. Emma Akraplar şahsy durmuşlaryny hem ýatdan çykarmaly däldirler.
Kowus (23.11 — 21.12)
Hünäriňiz boýunça üstünlik gazanarsyňyz, ýöne haýsydyr bir işi ýerine ýetireniňizde, döredijilikli çemeleşmek möhümdir. Karar bermekden öň daş-töwerekdäki adamlaryň pikirini soramak zerurdyr.
Jedi (22.12 — 20.01)
Üstünlikli şertnamalar we gepleşiklerde ýeňiş gazanmak üçin umyt dörär. Emma hünäriňize sowuksala çemeleşmek howpy. Şonuň üçin hem, ünsli boluň.
Daluw (21.01 — 20.02)
Daluwlara toparlaýyn işde we açyk çykyşlarda şowlulyk garaşýar, ýöne gelýän maglumatlary ýalňyşsyz barlamak, diňe dilden aýdylan sözlere ynanmazlyk möhümdir.
Hut (21.02 —20.03)
Içki sesiňize gulak asan ýagdaýyňyzda möhüm ýeňişlere iki esse çalt ýetip bilersiňiz.
Täleýnamalaryň umumy ugurlara esaslanyp döredilendigini we anyk wakalary ýa-da netijeleri çaklap bilmejekdigini ýadyňyzdan çykarmaň. Olar diňe her günki umumy ugry görkezip, degerli maslahatlary berýär. Hemişe bolşy ýaly, şahsy düşünjäňiz we erkinligiňiz tejribäňizi kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Size ýakymly we şowly gün arzuw edýäris!

