Goşar sagady näme üçin çep ele dakylyar!?

MilliInfo

11 Noýabr, 2025

Goşar sagadyny çep ele dakynmak biz üçin adaty ýagdaýlaryň biridir. Bu ýagdaý bize endik bolup galandygy sebäpli, munuň näme üçin beýledigi barada pikir etmedik bolsak gerek.

Adamlaryň aglaba bölegi goşar sagatlaryny çep eline dakynsalar, käbir adamlar, esasan hem, zenanlar sagady sag eline dakynmagy makul bilýärler. Taryhy maglumatlara nazar aýlasak, XX asyryň başlarynda ilki jübi sagatlary peýda bolup, olary ilki erkekler ulanypdyrlar. Olar häzirki döwrüň goşar sagatlaryndan has uly bolup, ýörite tikilen torbalarda saklanylypdyr. Jübi sagatlarynyň daşky ýüzi köp döwlegen bolandygy we sagadyň hronometrlerini zeper ýetmelerden goramak maksady bilen sagatlary has az iş edilýän çep ele dakynylmagy makul bilnipdir. Ýagny sagadyň çep ele dakylmagy, oňa belli bir derejede zyýan ýetmeginiň öňüni almakdan ybarat bolupdyr. Çep el azrak iş bilen meşgul bolup, sagady döwülmekden gorap saklapdyr. Wagtyň geçmegi bilen goşar sagady iň gerekli enjamlaryň birine öwrülýär. Sagadyň çep ele dakynylmagynyň ýene bir sebäbi ýer ýüzünde sag elinde ýazýan adamlaryň çepbekeýlere garanyňda has köp bolmagy bilen baglydyr. Goşar sagatlary ilat arasynda has meşhurlyga eýe bolansoň, olary çep ele dakynmak has oňaýly bolupdyr.

Aslynda, ony haýsy eliňe dakanyň tapawudy ýok. Telefonlaryň peýda bolan ilkinji ýyllarynda goşar sagadyny ulanýanlar birneme azalan hem bolsa, soňlugy bilen ýene-de artyp başlady. Ony bezeg hökmünde dakynýan hem az däl. Şeýle hem soňky ýyllarda smartfon bilen sazlaşykly işleýän, jaň edip, SMS-leriňi okap bolýan, äden ädimleriňi sanaýan sagatlaryň peýda bolmagy bilen bu enjamlaryň ulanylyşy has hem artdy.

 

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo