Türkiýäniň halkara syýahatçylyk platformasy «GoTürkiye» ýurduň özboluşly syýahatçylyk ugurlaryny kinematografik hekaýalary janlandyrmak arkaly dünýäniň tomaşaçylaryny özüne çekmegini dowam etdirýär. «Stambulyň hekaýasy» atly dördünji miniserialyň üstünliginden soň, onuň dowamy bolan «Kapadokiýa ertekisi» indi ähli sanly platformalarda elýeterlidir we çykan gününden bäri bary-ýogy 10 günüň dowamynda jemi 44,3 million görüş bilen birlikde 49,6 milliondan gowrak görkeziliş gazandy.
Sanly marketing giňişligine uly täsir eden «GoTürkiýeniň» asyl miniserial taslamasy Türkiýäniň syýahatçylyk mahabatyna täzeçil hekaýa esaslanýan çemeleşmesiniň iň ajaýyp mysallarynyň birine öwrüldi. «GoTürkiýeniň» täzeçil kinematografik strategiýasynyň iň soňky çykan «Kapadokiýa ertekisi» Kapadokiýanyň jadyly atmosferasyny beýan edýär we tomaşaçylary onuň jadygöýligini başdan geçirmäge çagyrýar.
Mahabat kampaniýasy bir wagtyň özünde 25 ýurtda geçirilýär we dünýäniň dürli künjegindäki adamlary ajaýyp sebitiň jadyly atmosferasyna aralaşmaga çagyrýar.
Kapadokiýa dünýä sahnasynda
«Kapadokiýa ertekisi» tomaşaçylary Stambuldan Kapadokiýanyň ebedi, syrly peýzažlaryna alyp gidýär we sebitiň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen özboluşly peýzažlaryny, gadymy relýeflerini, meşhur gaýa konuslaryny we erteki görnüşlerini görkezýär.
Ozan Akbaba we Sinem Ünsal Selim we Duru atly maşgala jübütiniň keşbini gaýtalaýarlar. Ilkinji özara düşünişmezliklere garamazdan, olaryň romantiki gatnaşyklary gülläp ösýär. Dowamynda Selim we Duru Kapadokiýada romantiki başdangeçirmelere tarap ýola çykýarlar, bu bolsa garaşylmadyk ýagdaýda öz-özüni açmak üçin syrly syýahata öwrülýär.
Bu syrly hekaýa Kapadokiýanyň iň meşhur ýerlerini — ajaýyp Uçhisar galasyndan, özüne çekiji Gyzyl jülgeden we meşhur Söýgi jülgesinden gadymy ýerasty şäherlere we meşhur howa şarlaryna çenli iň täsirli maglumatlary görkezýär we her bir şekilde dünýäniň dürli künjegindäki tomaşaçylara sebitiň ajaýyp gözelligini görkezýär.
«Aý Ýapym» tarapyndan öndürilen bu taslama Kemal Hamamçyoglunyň senariýesine esaslanýar we Emmi baýragynyň eýesi bolan Hilal Saral tarapyndan režissýorlyk edilýär.
«GoTürkiýeniň» asyl miniserialy global marketingi täzeden kesgitleýär
Häzirki güne çenli «GoTürkiýe» «Antaliýa Gambiti», «Stambul meniň söýgim», «Gizlin aşyk» we «Stambul hekaýasy» ýaly örän üstünlikli wakalara esaslanýan taslamalaryň toplumyna başlady. Kino hekaýalarynyň esasy roly arkaly bu taslamalar Türkiýäniň dürli syýahatçylyk ugurlaryny dünýäniň tomaşaçylaryna üstünlikli tanyşdyrdy.
Bu serial diňe bir ýurduň halkara syýahatçylyk keşbini özgertmän, eýsem, internetde uly üstünlik gazandy, onuň her bir bölümine dünýäde millionlarça tomaşaçy seretdi. Şeýlelikde, «GoTürkiye» özboluşly miniseriallarynyň portfelini giňeltmegini dowam etdirer we tomaşaçylara Türkiýäniň syýahatçylyk ugurlaryny doly derejede görmäge mümkinçilik berýän täze taslamalary döreder.
Öz asyl miniserial taslamasy bilen birlikde, «GoTürkiye» platformasy dünýäniň dürli künjeginden gelen syýahatçylar üçin diýseň ajaýyp merkeze öwrüldi we sosial mediada uly yzarlaýjylary özüne çekdi. Dünýäde iň meşhur resmi syýahatçylyk brendleriniň biri hökmünde sekiz sany esasy platformada 20,8 milliondan gowrak abunaçyny özünde jemleýän auditoriýa eýe.
Ýurduň baý medeni we tebigy mirasyna sanly penjire hökmünde hyzmat edýän «GoTürkiyeniň» «YouTube» kanaly 5,69 million abunaça eýe we dünýäde şol platformadaky iň meşhur milli syýahatçylyk hasaplarynyň arasynda birinji orny eýeleýär. Şeýle hem ol 5,6 million abunaçy bilen «TikTokda» birinji orny eýeleýär we 4 million yzarlaýjysy bilen «Instagramda» ikinji iň meşhur milli hasap bolmagynda galýar.
Show more