Türkiýäniň «GoTürkiýe» resmi syýahatçylyk platformasy «Gizlin aşyk» atly üçünji kiçi göwrümli serialyny hödürledi. Taslama Antalýanyň öwrenilmedik, syrly taraplaryny görkezmegi maksat edinýär.
10 bölümden ybarat romantiki komediýada meşhur aktýorlar Eda Eje we Kaner Kindoruk baş keşpleri janlandyrýar.

Serialda binagär Güneşiň işewür Denizi tötänden sürüjisi bilen çalşyp, onuň bilen gizlin buhtalara, gadymy şäherlere we Ortaýer deňziniň özboluşly tagamlaryny dadyp görmek üçin dürli ýerlere syýahata çykmagy bilen başlaýar. Bu syýahat garaşylmadyk romantiki ösüşe getirýär.

Bu taslama arkaly «GoTürkiýe» Antaliýanyň gök kenaryny, gadymy siwilizasiýalaryň galyndylaryny, tebigy kanýonlary we şäheriň bütin ýylyň dowamynda eýelik edýän syýahatçylyk mümkinçiliklerini görkezmegi maksat edinýär. Ajaýyp film «GoTürkiýeniň» üstünlikli strategiýasyny dowam etdirýär: öň çykarylan «Antalýa Gambit» we «Stambul meniň söýgim» taslamalary halkara tomaşaçylary tarapyndan millionlarça gezek görüldi we uly üstünlige ýetdi.

«GoTürkiýeniň» sanly üstünlikleri hem ünsi çekiji. 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda platformanyň «YouTube» kanaly 5,3 million abunaçy toplady we 763 milliondan gowrak tomaşa jemledi. Bu täsirli sanlar «GoTürkiýeni» dünýäniň dürli ýurtlaryndaky syýahatçylyk platformalarynyň arasynda ynamly öňe saýlaýar.