Gözellikden nusga alan keşdeler

MilliInfo

1 Noýabr, 2025

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi, şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, däp-dessurlarymyzy dikeltmäge giň şertler döredilýär. Ene-mamalarymyz milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza çuňňur hormat goýmak bilen olary nesilden nesle geçirip biziň günlerimize ýetiripdirler. Mährem  zenanlarymyz gadymy ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň keşde, köjüme, basma, ilme, gaýma, depjeme ýaly birnäçe usullaryny ýerine ýetiripdirler we has-da kämilleşdiripdirler. Milliligimizi alamatlandyrýan keşdeleri dünýä derejesinde arzylanýar. Bu hakykat onuň ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizilmeginde hem öz beýanyny tapýar. Munuň özi bu inçe sungatyň sarpasynyň ýokarydygyndan habar berýär.

Keşdedir gaýmalaryň owadanlygy görenleri haýrana goýup, olaryň nagyşlarynda, reňkiniň sazlaşygynda uly bir dünýä ýatandyr. Çünki şol keşdedir nagyşlara çeper elli zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň mähir-yhlasy, içki dünýäsi hem-de arzuw-hyýallary siňendir. Gelin-gyzlarymyzyň milli lybaslarymyza salýan nagyşlarynyň her biriniň aýratyn manysy bar. Olar biri-birinden owadan, nepis bolup, zemin gözelligini özünde jemleýär.Gadym wagtlarda biziň enelerimiz keşdeçilikde ulanmak üçin sapaklary reňklemekde tebigy ot-çöplerden alynýan reňkleri peýdalanypdyrlar. Nagyşlara salynýan şekilleriň hersiniň öz manysy bolup, gadymy ynançlara görä, nagyşlardaky damjanyň, tolkunyň, suwuň keşbi berekedi, rysgaly hem-de hasyl bolçulygyny alamatlandyrypdyr. Ösümligiň, baldagyň, ýapragyň, gülüň, gozanyň keşbini janlandyrýan nagyşlar ýaşaýşyň, dowamatyň hem bagtyýarlygyň nyşanydyr. Milli lybaslarymyzdaky, halydyr palaslarymyzdaky nagyşlarda, keşdelerde ene topragymyzyň ýylysy, zenan kalbynyň mähri, gözel tebigatyň ajaýyplyklary jemlenendir.

Teswirler
Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info