Wideooýun muşdaklarynyň köpden bäri garaşýan «Grand Theft Auto VI» oýny barada täze maglumatlar peýda boldy.
«Rockstar Games» tarapyndan hödürlenen resmi maglumata görä, «GTA 6» 2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda çykarylar. Oýun ilkinji tapgyrda «PlayStation 5» we «Xbox Series X|S» üçin elýeterli bolar.
Täze oýnuň wakalary «Vice City» we onuň ýerleşýän «Leonida» ştatynda bolup geçýär. Baş gahrymanlar Jeýson we Lusiýa bolup, olaryň durmuşynda jenaýatçylykly wakalar we dürli başdan geçirmeler esasy orny eýeleýär.
«Rockstar Games» 2026-njy ýylyň 27-nji awgustynda oýun barada täze «An Extended Look» atly wideony hem çykardy. Bu wideooýnuň dünýäsini we gahrymanlaryny has giňişleýin görkezýär.
«GTA 6-nyň» öňünden sargytlary hem eýýäm başlady. Oýnuň birnäçe görnüşi, şol sanda «Standard Edition» we «Ultimate Edition» görnüşi hödürlenýär.

Show more