Gulaklygy nädip dogry ulanmaly?

MilliInfo

2 sagat öň

Gulaklygy nädip dogry ulanmaly?

Häzirki wagtda tehnologiýalaryň kämilleşmegi, akylly enjamlaryň ýüze çykmagy bilen, olaryň gündelik durmuşymyzdaky orny barha artýar. Şolaryň arasynda gulaklyklar hem biziň ýaşaýşymyza ymykly ornaşan enjamlaryň biridir. Gulaklyklaryň peýdalary az däl, ýöne zyýanly taraplary-da bar. Şol sebäpden hem, gulaklygy tehniki hili boýunça saýlap almaga üns bermelidir. 

Gulaklyk haçan zyýanly bolup biler? 

- gulaklygyň sesiniň aşa güýçli bolmagy, ýagny sesiň belentliginiň görkezijisi 60 %-den geçmeli däl;
- sesiň hiliniň pesligi;
- şowhuny peseldijiniň bolmazlygy;
- gulaklyklygyň gulagy dolulygyna ýapmazlygy. 
 

Eger-de köp wagtlap gulaklyk dakynanyňyzdan soňra gulagyňyz agyrýan bolsa, onda gulagyňyza dynç beriň. Eger-de agyry 6 sagadyň dowamynda aýrylmasa, lukmana ýüz tutmak maslahat berilýär. Mundan başga-da, gulaklygy aýranyňyzdan soňra eşidilýän sözleri aýyl-saýyl edip bilmeseňiz ýa-da olaryň manysyna düşünmeseňiz, onda bu eşidiş synasyna zeper ýetendiginiň alamaty bolup biler. 

Gulaklygy nädip dogry ulanmaly? 

- sesiniň belentligi 60% ýokary geçmeli däl;
- gulaklygy günüň dowamynda köp wagtlap ulanmaly däl;
- ýatylanda gulaklyk dakynyp ýatmaly däl;
- gulaklygyň pes hilli görnüşlerini saýlap almaly däl;
- gulagyň dürli kesellerinden ejir çekýänlere gulaklyk ulanmak maslahat berilmeýär.
 

Esasy bellemeli zatlaryň biri-de, gulaklygy ulanýanlaryň agramly böleginiň ýaş ýetginjekler bolmagydyr. Çünki entek ýaş wagty olara gulaklygyň ýetirýän zyýany bildirmese-de, ulaldyklaryça onuň zyýany ýüze çykyp başlaýar. Gulaklygyň sesi näçe ýokary bolsa, gulaga düşýän agram hem şonça artýar we eşidiş synasyna zeper ýetýär. Şeýle-de ýaşlaryň el telefony ulanmagyň saglygy goramak bilen bagly düzgün-kadalaryny öwrenmegi hem möhümdir. Günüň dowamynda el telefonyndan köp wagtlap gereginden artyk peýdalanmak saglyk üçin ýaramly däldir. Häzirki döwrüň şeýle akylly hem täsin enjamlaryny ulanmak biz üçin näçe amatly bolsa-da, onuň zyýanly taraplaryny hem unutmaly däldiris. 

Teswirler
Teswir ýok. Ilkinji ýazýan siz boluň!

Show more

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info