«Renault» 2026-njy ýylyň Milan dizaýn hepdeliginde täzelenen «Twingony» «Gurbaga gaýdyp geldi» atly sungat installýasiýasy hökmünde görkezdi. Sergi Brera etrabyndaky «Rnlt Store» giňişliginde ýerleşýär, bu ýer çäre üçin «şäher howuzyna» öwrüldi.
Taslama «LePub Italia» we dizaýner Markantonio bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Esasy tema awtoulagyň öň tarapynyň gurbaga bilen wizual baglanyşygy boldy. Ol sergi giňişliginiň içindäki «Twingo E-Tech Electric» uly gurbaga heýkeliniň ýanynda görkezilýär. Onuň töwereginde suw liliýalary we tebigy sesler ýaly bezeg elementleri bar.
Täze modeliň dizaýny 1990-njy ýyllardaky asyl «Twingony» ýatladýar: tegelek gabara, häsiýetli yşyklandyryş we «ýylgyrýan» öň tarap saklanyp galypdyr. «Renault» kompaniýasynyň wekilleriniň pikiriçe, esasy maksat şäher gurşawynda erkinlik we döredijilik duýgusyny bermekdi.
Show more