Gurban baýramy — yslam dünýäsiniň mukaddes, gadymy we asylly baýramlarynyň biri. Bu baýram diňe bir dini dabaralary däl, eýsem, adamzat gatnaşyklarynyň iň gowy taraplaryny, ynsanperwerligi, rehimdarlygy, agzybirligi, özara kömek we doganlyk duýgularyny özünde jemleýär. Gurban baýramynyň taryhy, mazmuny we jemgyýetçilik durmuşyndaky orny baradaky hakykatlar ynsanyň ruhy taýdan kämilleşmegine hyzmat edýär.
Gurban baýramy: hijri-kamary ýyl hasaby boýunça Oraza tutmak ybadaty tamamlanansoň 71-nji günde başlanýar hem-de Mekgä we Medinä haj zyýaratynyň tamamlanmagy bilen gabat gelýär.Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu mukaddes baýramçylygyň milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilmegi bilen, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerini dowam edýän halkymyz Gurban baýramyny asyrlaryň dowamynda özüniň milli däp-dessurlary, asylly gylyklary bilen baýlaşdyryp gelipdir. Ýurdumyzda Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde öýlerde saçaklar giňden ýazylýar, milli tagamlar taýýarlanylýar, «Gurbanlygyňyz kabul bolsun!» diýlip, birek-birege iň gowy arzuwlar aýdylýar.
Ýurdumyzda Gurban baýramynyň üç günläp resmi taýdan baýram edilmegi halkymyzyň agzybirligini we parahat durmuşyny dabaralandyrýar.
Mübärek Gurban baýramy günlerinde berjek gurbanlyk sadakalaryňyz, etjek doga-dilegleriňiz, ýagşy umyt-arzuwlaryňyz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!
Show more