Güýz ýylyň iň syrly paslydyr. Ýuwaşlyk bilen öwüsýän şemalyň lezzeti ynsany bu pasyl bilen ysnyşdyrýan aýratynlyklaryň biri bolsa gerek. Hakykatdan hem, güýzde ähli zat syrly görünýär. Belki, munuň sebäbi tebigatyň räsiri, saralan ýapraklaryň agaçlardan tänmegi bilen baglydyr. Günüň tylla şöhlesiniň kütelip, oňa derek altynsow ýapraklaryň öwüşgininiň barha ýitelmegi güýz paslynyň özboluşly keşbini döredýär.
Islendik döredijilik adamsy tebigatdan ylham alýar. Güýz hakynda söhbet edilende, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň eserleriniň jümmüşine biygtyýar aralaşanyňy duýman galýarsyň. Şahyr «Güýz» atly goşgusynda şeýle belleýär:
Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak.
Ýaprak saralanda durlanýar pikir.
Ýatlaýan geçeni öňküden köpräk,
Hem diýýän: «Oňatlyk, Hudaýa şükür!»
Ýylyň-ýylyna tirkeşip gelýän dört paslyň her haýsysynyň özüne mahsus gözelligi bar. Her gülüň öz ysynyň deň bolmaýşy ýaly, pasyllar hem özüniň gözelligi bilen aklyňy haýrana goýýar, ýürekleri joşdurýar. Pasyllaryň arasynda güýz pasly bereketli pasyllaryň biridir. Onuň sary ýapraklaryna gözelligiň, ýumşaklygyň hem agraslygyň ruhy siňendir. Güýz pasly sungat adamlarynyň ýüreklerine ylham berýän pasyldyr. Türkmen tebigatynyň ähli pasyllary hem owadan, sahawatly we sazlaşykly. Ýöne altyn güýzüň gelşi başgaça. Danalygyň, arassalygyň öwüşgininde gelýän güýz paslyny wasp etmedik şahyr azdyr. Ol hasyl ýygnamak döwrüniň şu pasyla gabat gelmegi-de berekediň nyşanydyr. Muny Kerim Gurbannepesowyň şu setirlerinde hem görmek bolýar:
– Miwe ýetişdimi ýygna güýz wagty.
Güýzde asuda asmanymyzda hatar gurap, ganat ýaýýan durnalar ynsan ömrüniň dowamlylygyny ýatlatsa, howanyň çigregi hem-de ýagyn çuň şahyrana oý-hyýallaryň jümmüşine alyp gidýär. Halkymyzda adam ömrüniň orta ýaşdan soňky döwrüniň güýz bilen deňeşdirilmegi hem şunuň bilen bagly bolsa gerek. Hakykatdan hem, ynsan orta ýaşdan geçensoň, eden işleri, bitiren hyzmatlary, ýetişmedik maksatlary barada oýlananyny duýman galýar. Şulardan hem görnüşi ýaly, güýz – duýgularyň pasly. Onda tebigat hem-de özüň barada köp gyzykly zatlary açmak bolýar. Güýz bagtyň möwsümidir. Şeýle ajaýyp döwrümizde altyn güýzi garşylamak her birimiz üçin ýakymly bolsa gerek.
Ýeneki güýzlere agzybirlikde hem sag-salamat ýetmek hemmämize nesip etsin!

